Konstitusiýa - döwletimiziň hukuk binýady

07-05-25

Güneşli Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçmek däbe öwrüldi. Bu beýik sene her ýylyň 18-nji maýynda bagtyýar zamanamyzyň döredijikli ösüşlerini, döwletimiziň halkara abraýyny, Watanymyzyň barha ilerleýän ädimlerini şertlendirip, ýurdumyzyň her bir künjeginde  uly joşgun, belent buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Şeýle çärelere bilim işgärleridir ýaş nesiller işjeň gatnaşýar. Konstitusiýa döwlet gurluşynyň esaslaryny düzýär, döwletlilik ýörelgelerimizi ulgamlaşdyrýar. Bu diňe bir jemgyýeti dolandyrmagyň, ony durnukly we asuda saklamagyň, ösüşe ugrukdyrmagyň hereketlendiriji güýji bolmak bilen çäklenmän, ol jemgyýetçilik syýasy ösüşiň täze basgançaklaryny meýilleşdirip, durmuşa geçirmegini üpjün edýär.

Türkmen halky öz köpasyrlyk taryhynda ençeme döwlet gurdy. Döwlet gurup, agzybir ýaşamak türkmen milletiniň özboluşly häsiýetleriniň biridir. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 33 ýyl dolýar. Munuň özi taryhy nukdaýnazardan, gysga möhletdir. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň her bir raýaty üçin düşnüklidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň özgermegini şertlendirdi, döwlet-hukuk institutlarynyň mazmunyna, döwlet häkimiýetiniň guralyşyna üýtgetmeleri girizdi. Döwlet-hukuk institutlarynyň ewolýusiýasy düýpli özgerişlikleri bilen tapawutlanýar. Bu, aýratyn-da, döwlet häkimiýetiniň guralyşyny düzgünleşdirmek, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralarynyň ulgamyny gurmak we bölmek babatynda has aýdyňdyr. Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde we kämilleşmeginde Konstitusion esaslar Türkmenistanyň çäginde has netijeli hereket etmegi üçin ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlarynda düzülýär.

Türkmenistanda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatlarynyň oňyn netijelerini gazanmakda möhüm şert bolan döwleti dolandyryşynyň kämil ulgamyny döretmek meselesi esasy wezipe bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi demokratik we hukuk döwletini döretmäge girişilmegine mümkinçilik berdi. Özygtyýarly Türkmenistanyň Konstitusiýasy GDA döwletleriň arasynda ilkinji kabul edilen Konstitusiýadyr. Konstitusiýanyň kabul edilmegi hukuk esasynda demokratiýalaşdyrmak işleriniň giň gerim bilen öňe ilerlemegi üçin binýat boldy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň ýoly bilen ýöräp, Konstitusiýada halk häkimiýetliliginiň öz nusgasyny saýlap aldy. Milli demokratiýa dünýä tejribesiniň gazananlaryny hem-de milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi.

Konstitusiýa türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň uzak möhletli ösüşiniň esasy ýörelgelerini beýan edýär. Geljekde-de Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň özygtyýarly we garaşsyz döwlet hökmünde mundan beýläk hasda pugtalanmagyna, möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegine we tutuş ösüşine ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi olarda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 33 ýylyň dowamynda biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitdi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepili bolup çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetiň ösüşiniň esasy bolup durýar. Bu gün hukuk we jemgyýetçilik durmuşynyň konstitusion-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler syýasy we ykdysady durmuşy demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek, ýurdumyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşmak ýolunda Türkmenistanyň üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm alamatyna öwrüldi. Geljek nesillerimiz üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny hökmünde syýasy, jemgyýetçilik we hukuk ulgamlarynyň ösmegine, kämilleşmegine ýardam berjekdigi, şeýle hem kämilleşdirilen döwletiň we jemgyýetiň türkmen nusgasynyň binýady bolup çykyş etjekdigi barada hiç hili şübhe ýok.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülhanym KAKABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.