AJAP EÝÝAMYŇ GOŞA GANATY

16-05-22

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, kanunlaryň zamanabap talaplara laýyk gelmegini gazanmak, milli kanunçylyk binýadymyza halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kada-kanunlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda alyp barýan işleri garaşylýan oňyn netijelerini berýär. Bu bolsa öz nobatynda halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan ynamyny artdyryp, söýgüsini goşalandyrýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler türkmen jemgyýetini mundan beýläkde demokratiýalaşdyrmaga, halk bilen häkimiýetiň aragatnaşygyny ýygjamlaşdyrmaga, ilatyň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga, syýasy dünýägaraýşyny çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan giň möçberli durmuş-ykdysady ösüşler ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ulgamynyň düýpli özgerdilmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda döwlet we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, şol sanda döwlet gurluşyny we dolandyrylyşyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýady döredilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen milli Parlamentimizi kämilleşdirmäge, kanun çykaryjy edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek, Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrmak halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolup häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň howandarlygynda üstünlikli amal edilýär. Bu bolsa, güneşli Diýarymyzda hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alnyp barýan maksatnamalaýyn işleriň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriniň oňyn netije berýändigini aýdyň subut edýär.

Baş kanunymyzyň döwrebaplaşdyrylmagy, Alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen badalga berlen konstitusion özgertmeler jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge şert döretdi. Konstitusion özgertmeleriň täze röwüşde dowam etdirilýändigini geljek 30 ýyl üçin 2022 – 2052-nji ýyllarda ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň tassyklanmagy bilen esaslandyrsa bolar. Bu bolsa döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüşlerini, nesilleriň bagtyýar ýaşaýşyny, nurana geljegini üpjün etmek bilen jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýär. 

Konstitusiýa – döwletiň esasy kanunydyr, ýurduň sosial-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeleriň düýp manysy konstitusion kanunçylygyň ewolýusiýasynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ähli häzirkizaman konstitusiýalary halkara hukugyna we daşary syýasata uly üns berilýär. Halkara konwensiýalary ynsanperwerlik hukugynyň has köp ýaýran çeşmeleridir. Ýokarda agzalan halkara hukuk kadalarynyň köp düzgünleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ornaşdyryldy. Türkmenistan – dünýäde öz Konstitusiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän Jarnamasy agzalýan ýeke-täk ýurtdur.

Konstitusiýanyň 1-nji maddasynda «Türkmenistan – demokratik, hukuk, dünýewi we Bitarap döwlet» diýlip, yglan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň kanunçylyk taýdan berkidilmegi döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň, türkmen jemgyýetinde amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň binýady bolup durýar.

Şeýle-de Baş Kanunymyzyň 22-nji  maddasynda “Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär” diýilip bellenilmegi Döwlet nyşanlarymyzyň goraglylygyny konstitusion tertipde kepillendirýär. Döwlet baýdagyna bolan hormat, sarpanyň milletimiziň ganyna, aňyna siňip, milli häsiýet aýratynlyklarymyzyň birine öwrülendigini subut edýär. Çünki şahyryň belleýşi ýaly “Tug – Milletiň berkararlyk bagtydyr, Tug – döwletiň bagtyýarlyk tagtydyr”. 

Ýaşyl  Baýdagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mukaddeslik we täze beýiklik derejesine göterilip, köňlümize buýsanç, kalbymyza mähir çaýýar. Ýaşyl Baýdagymyzda azatlyk söýjülik, ynsanperwerlik, parahatsöýlülik, agzybirlik, jebislik ýaly  milli aýratynlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapandyr. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik bitaraplygymyz, asudalygymyz, erkinligimiz ýaly milli alamatlarymyz jemlenendir. Hut şu aýratynlyklary we alamatlary üçin-de döwlet Baýdagymyz biziň her birimiz üçin gymmatlydyr, mukaddesdir. Aziýanyň merjen şäherine öwrülen gözel Aşgabadymyzda Ginnesiň täsinlikler kitabyna girizilen dünýäde iň belent Tug binasyda halkymyzyň ýaşyl Tuguna belent sarpasynyň aýdyň  nyşany hökmünde, Baş Kanunymyzdan ruh alan döwlet Baýdagymyz pasyrdap dur. Onuň erkana pasyrdysy barlygyň, bakylygyň, döwletliligiň, dowamat dowamatlylygyň, baky parahatlygyň ajaýyp sazy bolup ýaňlanýar. Bu ajaýyp saz biziň billerimize kuwwat, gollarymyza gujur berip tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmäge, täze – täze üstünlikleri gazanmaga  ruhlandyrýar.

Goly ýaşyl Tugly, Baş Kanunyna daýanýan türkmen ösýär, özgerýär, döredýär, gurýar. Syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, ruhy-medeni ugurlarda täze-täze ýeňişleri gazanýar.  

Goý, Baş Kanunymyzdan güýç, kuwwat alýan ýaşyl Baýdagymyz döwletliligiň, erkinligiň, bakylygyň, parahatçylygyň, kepili bolup arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde baky parlasyn!

Murad NIÝAZMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.