AWTOULAGLARYŇ IŞ MÖHLETINI UZALTMAKDA TEHNIKI HYZMATYŇ ÄHMIÝETI

09-11-23

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda awtomobil ulaglary pudagynda  ösüşleriň belent sepgitlerine ýetilýär. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly döwrebap awtoulag tehnikalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti yzygiderli pugtalandyrylýar.Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli, tehnologiýanyň soňky gazananlaryna gabat gelýän awtoulaglary halkymyzyň we bu pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň has-da öndürijilikli işlemegine itergi berýär. Şol awtoulaglaryň az çykdajy bilen uzak wagtlap işlemegini üpjün etmek degişli hünärmenleriň borjudyr.

Awtoulaglara göwnejaý hyzmat etmäge ilkinji nobatda tehnikanyň ýaglanmaly ýerleriniň wagtly-wagtynda ýaglanyp, gidrawliki, ýaglaýyş we sowadyş ulgamlaryna awtomobiliň ýan kitabynda görkezilen suwuklyklaryň guýulmagy hem-de olaryň ulanyş möhleti ýetende çalşylmagy degişlidir. Sürüjiler özlerine berkidilen awtomobilleri aýawly saklamak üçin olarda gündelik arassaçylyk işlerini geçirip, tehniki suwuklyklaryň kadasyny barlamaly. Şeýle hem awtoulagyň gerekli ulgamlaryny çalgy ýaglary bilen ýaglamaly.

Awtoulaglaryň ulanyş döwründe olaryň hereketlendirijilerine tehniki hyzmat etmek we abatlamak üçin sarp edilýän serişdeler ähli çykdajylaryň 40 göterimini düzýär. Şonuň üçin hereketlendirijilere göwnejaý tehniki hyzmat etmek zerur. Hereketlendirijileriň gaz bölüji waly onuň iň esasy we gymmat bölekleriniň biridir. Gaz bölüji wal klapanlaryň wagtly-wagtynda açylyp-ýapylmagyny we forsunkanyň wagtynda ýangyjy pürkmegini üpjün edýär. Gaz bölüji walyň tiz hatardan çykmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de ýaglaýyş ýagynyň hiliniň pesligidir.

Ýaglar ulanylmaly möhletinden uzak ulanylanda şaýlaryň gyryndylary we gurumlar bilen hapalanýar hem-de temperaturanyň üýtgemegi netijesinde öz şepbeşikligini ýitirýär. Şepbeşikligi pes bolan ýaglar metal üstleriň biri-biri bilen galtaşyp, olaryň gyrylmagyna hem-de hatardan çykmagyna getirýär. Ýagyň düzümindäki gurumyň bölejikleriniň diametri takmynan 0,5 mikrona deňdir.

Ýöne olaryň himiki işjeňliliginiň ýokarydygy sebäpli biri-biri bilen ýeňil birleşip, has iri bölejikleri emele getirýär. Şeýle hem awtoulaglaryň hereketlendirijileri üçin ýaglar saýlananda kadaly şepbeşikligi üpjün etmek üçin pasyla görä saýlanylmalydyr. Gyş paslynda awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak maksady bilen sowadyjy ulgama ýörite suwuklyklaryň (antifrizleriň) guýulmagy we zerur bolan ýagdaýynda akkumulýator batareýalarynyň işçi suwuklygynyň dykyzlygyny ýokarlandyrmak hökmandyr.

Awtoulaglara gündelik hyzmatlar hökmany suratda geçirmeli. Ýagny ýangyjyň, sowadyş we gidrawliki ulgamlaryndaky suwuklyklaryň kadasyny hem-de akkumulýator batareýasynyň iş ukybyny barlamaly. Ýokarda görkezilen işleriň talabalaýyk geçirilmegi awtoulaglaryň az çykdajy bilen uzak wagtlap peýdalanylmagyny üpjün edýär.

Saparmyrat HANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.