Ussat hünärmenler — guwanjymyz
27-10-23

Berkarar Watanymyzda beýik işler dowamat dowam bolýar, ajaýyp zamanamyza mahsus başlangyçlaryň, aklyňy haýran edýän işleriň gerimi barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, maslahatlarda ata Watanymyzyň şöhratyna şan goşýan, il-günüň rowaçlygyny, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler, wezipeler bellenilýär, olary durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlenilýär. Oba hojalygynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda gazanylan netijeler, elektrik energiýasyny öndürmekde, nebit-gaz çykarmakda, magdan däl önümleriň önümçiliginde eýe bolnan sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ornaşdyrylandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.
Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýagny onuň köp pudaklaýyn we önümleýin ösdürilmegine uly üns berýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ekologik taýdan arassa gaýtadan işleýän senagat kärhanalary yzygiderli işe girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini dürli ugurlarda ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär.
Dünýäde ylmyň, bilimiň we innowasion tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda, döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurduň mundan beýläkki gazanjak üstünlikleriniň ygtybarly binýady bolup durýar. Dünýä döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi hem yzygiderli kämilleşýär. Onuň hataryna ýylda ýaş zehinleriň, täzeçil garaýyşly hünärmenleriň ençemesi goşulýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, öňde goýan belent maksatlarynyň gözbaşynda ýaşlaryň bilimli, ylymly ösen jemgyýetini kemala getirmek ýaly döwrüň möhüm meselesi dur.
Häzirki wagtda ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşýän döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, her bir ýokary okuw mekdebinde doly derejede kämil hünärmenler taýýarlanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler nesliniň kemala gelmegi ugrunda başyny başlan beýik işleri öz miwesini berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurda maksatlaýyn uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ýagdaý kompýuter tilsimatlary döwrüne gadam basan jemgyýetiň medeni we ruhy galkynyşynyň binýady bolup çykyş edýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda ýokary ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy esasynda milli bilimi kämilleşdirmek wezipeleri uly maksatlary nazarlaýar. Ýakyn geljekde tutuşlygyna intellektual jemgyýeti döretmegi maksat edinýän Türkmenistan Watanymyzda ösüşlerimiziň belentden belent sepgitlere ýetmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Söhbet GUŞLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.