Türkmenistanyň ulag ulgamy ösüş ýolunda
17-10-23

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
— Türkmenistanyň ulag-logistikasy Ýewraziýa yklymynyň üstaşyr düzüminiň möhüm bölegidir.
Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulaglaryň aýratyn möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär, köp şahaly ulag düzümini döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň gurulmagy hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmegine gönükdirilendir. Geljekde bu portuň has netijeli ulanylmagy bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykaryljakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlandyryljakdygy şübhesizdir. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty, hususan-da, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup, hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly, utgaşykly ulag düzümini kemala getirmäge saldamly goşant goşýar. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolmak bilen, ondan has netijeli peýdalanmaga çalyşýar.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin netijeli işleri dowam etdirmek wajypdyr. Ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny artdyrmak, awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan möhüm wezipeleriň biridir. Şu ýyl ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle iri göwrümli gurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak işlerinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan iň iri ulag taslamalarynyň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýük daşalmagyny çalt hem-de oňaýly nyrhlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän awtomobil ýoly peýda bolar we ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder.
Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ýola goýup, ählumumy ösüşiň bähbidine işewür hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ydysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmekde edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Şirguly ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Röwşen HYDYROW.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.