Saglyk, bilim, sport — ösüşleriň binýady

14-10-23

Ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 10 12-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşdylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. 10 12-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerindäki ylmy maslahat hem bu hakykatyň dabaralanmasyna öwrüldi. Ýöriteleşdirilen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bölüminde ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlara taýýarlamak hem-de olaryň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň pawilýonynda professor-mugallymlarymyzyň hem-de talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary, taslamalary tanyşdyrylýar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy şertleridir. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlary ylma çekmek üçin ýörite gurnaklaryň ençemesi hereket edýär. Ýokary okuw mekdebimizde okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlamaga, bilim bermek işine täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmaga, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesinden peýdalanmaga we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Talyplarymyz ylym-bilim olimpiadalary, taslama bäsleşikleri bilen birlikde, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Dünýäniň 20-den gowrak döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda guralan ýöriteleşdirilen halkara sergide öz üstünliklerimizi tanyşdyrmak biziň üçin uly hormatdyr.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen baglanyşykly ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylan işler hem göwnüňi galkyndyrýar. Muňa diňe şu ýylyň dowamynda türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlarda 400-den gowrak medal gazanmagyny mysal getirmek ýeterlikdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata iberen Gutlagynda: «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür» diýip belleýşi ýaly, bu ugurda gysga döwürde durmuşa geçirilen işler datly miwelerini-de eçilýär. Bu halkara sergi we ylmy maslahat geljekki ösüşlerimizi üpjün etmekde täze mümkinçilikleriň meýdanyna öwrüldi. Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bähbit MYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby .

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.