Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň guwanjy ýaşlar!
12-10-23

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara okamaga, döretmäge ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda bitirilen beýik işler sanardan köpdür. Eziz Watanymyzda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň edep-ekramly, ylymly-bilimli, hünärli bolmagy bu günki gün esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen ýaşlary bilim almakda dünýä ülňülerine laýyk gelýän okatmagyň döwrebap usullaryndan giňden peýdalanýarlar.
Ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhda, berk bedenli, ahlak taýdan arassa bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, dünýäniň dürli ýurtlarynda halkara derejesinde geçirilýän dürli ugurlardaky ýaryşlara, dünýä çempionatlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara eýe bolmagy hem hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalarynyň ajaýyp miwesidir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Geljekde ýurdy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň, hiliniň iň öňdebaryjy halkara talaplara laýyk gelmegini gazanmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny hem-de görkezmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek baş maksadymyzdyr. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, milli mirasymyza çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy ýörelgesidir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu barada şeýle diýilýär: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir». Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzy begendirýär.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda dürli ylmy maslahatlar, wagyz-nesihat işleri üstünlikli geçirildi. Bu dabaralar ýaşlarymyzda eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan söýgini has-da artdyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim pudagynda hem amala aşyrylýan beýik işler ýaşlaryň buýsanjyna buýsanç goşýar. Goý, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatyny ýörelge edinip, ýurdumyzy ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Muhammetjelil ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.