Arkadag şäheri — bagtyýar ýaşlaryň şäheri

09-10-23

Ýaşlara berilýän üns, ýaşlar barada edilýän alada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Şonuň bilen bir hatarda hem döwletimiziň häzirki we geljekki belent maksatlaryny hemişe ýaşlar bilen berk baglanyşdyrýandygyny nygtamak gerek. Biz muny köp mysallaryň üsti bilen subut edip bileris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze döwrüniň şamçyragydyr. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halky gurmak, döretmek babatda dünýä özüni tanadan halkdyr.

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň owazasy dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk taslamasy esasynda döredilen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri halkymyzyň kalplarynda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle şatlykly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň halk köpçüligine ýetirilmegi her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşup, halkymyz üçin toý sowgadyna öwrüldi.

Milli kanunçylygymyzyň esasy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy adamdyr» diýlip bellenilmeginiň subutnamasyny, raýatlarymyz hakyndaky aladany bu şäherde döredilen oňaýly  şertlerde hem görmek bolýar. Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy 2023-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda kesgitlenilýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasynda: «Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär» diýilýär. 4 bapdan we 13 maddadan ybarat bolan bu Kanunda şäheriň çäginiň, ilatynyň, eýeçiliginiň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň, kazyýet häkimiýetiniň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.

Şu ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilendigini hem belläp geçsek, ýerlikli bolar. Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen, daş-töweregi ýaşyl zolaklara bürelen, energiýany tygşytlaýan enjamlar bilen üpjün edilen desgalardyr binalar, ekologiýa talaplar esasynda gurulýan «ýaşyl» şäherdir. Şäheriň ýol-ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulaglary bolan elektrobuslar we elektrotaksiler hereket edýär.

Arkadag şäheri öz tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça tapawutlanýan, täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň kämil nusgasydyr. Arkadag şäherinde döredilen ýaşyl zolaklar, ekilen baglar bu şäheriň görküne görk, gözelligine gözellik goşýar. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik  maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde, medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagy bu ýerde dynç almak üçin döredilen şertleriň biridir. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilendiginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilendiginiň mysalydyr. Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasynda göz öňünde tutulan özgertmeler — oňaýly ýaşaýyş şertleri, energiýa serişdeleriniň kadaly üpjünçiligi, häzirki zaman infrastrukturasy, IT ulgam, ulag, saglygy goraýyş, bilim ulgamy ýaly «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan desgalaryň möhüm pudaklarynyň arabaglany-şygyny üpjün edýär. Arkadag şäheriniň «akylly» şäherleriň hatarynda mynasyp orun aljakdygyna şek-şübhe ýok.

Ata Watanymyzda adam we onuň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň netijesinde örän uly işler durmuşa geçirilýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meselesi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmak bilen, binagärlik we şähergurluşyk işini döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmekde, ýokary derejelere ýetirmekde amala aşyrylýan işler halkymyzy buýsandyrýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň gurulmagy hem halkymyzyň röwşen geljegine, eşretli, bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ajaýyp işleriň subutnamasydyr.

Ýaşlar — ýurduň geljeginiň eýeleri. Olar watansöýüji, ylym-bilimli, medeniýetli adamlar bolup ýetişmeli, ata-babalarymyzyň ýoluny abraýly dowam etdirmeli, ýurduň şanyna şan goşmaly. Şu hakykatdan ugur alnyp, Türkmenistan döwletimizde ýaşlar baradaky meselä örän uly ähmiýet berilýär. Arkadag şäheri-de bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşykly. Bu ajaýyp şäher — ýaşlaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyz: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr» diýip bellemek bilen, täze şäherde ýaşlara uly ornuň degişlidigini nygtaýar. Ýaşlygyň bar ýerinde erjellik, ezberlik, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik bar. Arkadag şäherinde ylym-bilim aljak, zähmet çekjek ýaşlar jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşarlar, zähmetde uly üstünlikleri gazanarlar, şäheriň şan- -şöhratynyň dünýä dolmagyna mynasyp goşant goşarlar.

 Şalar ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.