ATALARYŇ ÝOLY - ALTYN ÝOL

05-10-23

Durmuş diýeniň salymyny bermän aýlanyp dur. Ýaşlyk öwrenmegiň döwri, güýç-kuwwatyň, zehiniň köp bolýan wagty. Şol güýji ýerlikli peýdalanmak ynsan ömrüniň datly geljegini düzýär. Häzirki wagtda Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän, döwrüň sesine ses goşýan, döwür bilen aýakdaş gidýän ýaş neslimizi kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler aýdyň geljegimiziň esasyny düzýär. Barha ösýän, özgerýän durmuşymyzyň özenine göz ýetirýän, täzeçe pikirleri döredijiligine siňdirýän ýaşlaryň kalbynda gaýnap joşýan ylhamlaryny ýüze çykarmaga giň ýol açylýar.

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, döwrüň ösen talaplaryna gabat gelýän tehnologiýalardan baş çykarmaklary, sportuň islendik görnüşleri bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy, dünýäniň çar künjeginde bilimlerini artdyrmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Biziň döwletimizde ýaşlaryň bilimine, yhlasyna, zähmetine sarpa goýulýar. Ýaşlaryň arasynda halkara we milli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýaşlary ylma çekmekde, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýaşlary öňe çykarmakda döredijilikli zähmet çekmäge höweslendirýär. Ynsan ömrüniň ajaýyp pursady bolan ýaşlyk ýyllary toplanan bilim, zehin geljekde Watan üçin haýyrly bolmaly.

Watanymyzy ösdürmek üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, döret-mek bolsa bagtyýar ýaşlaryň baş maksadydyr. Ýaşlykdaky güýjüňi öz saýlap alan hünäriňe siňdirmek uly bagtdyr. Her bir ynsan öz zehinine kybap hünär saýlap alýar. Kämillik ýoluna atarýan ýiti zehin irginsiz zähmet bilen açylýar. Erjel, tutanýerli bolmak zähmetiň rehnetini görmäge çenli alyp barýar. Zähmetiň lezzeti bolsa üstünlikdedir. Adam ýaşaýyş-durmuşyndaky zerurlyklaryny, isleglerini zähmetiň üsti bilen gazanýar. Şonuň üçin zähmete hormat goýmaly, ony durmuşdaky şygaryňa öwürmeli. Zähmet ýerine düşende, hakyky gözellik kemala gelýär. Pederlerimiz tutanýerli zähmet çekmegi, tükeniksiz islegli, gaýduwsyz yhlasly hereket etmegi ýaşlaryň aňyna guýupdyrlar. Olary milli ruhda terbiýelemek, edep-ekramly, lebzine ygrarly edip ýetişdirmekde düre gaplanan öwütleri, nakyldyr atalar sözlerini häzirki günümize miras galdyrypdyrlar.

Atalaryň ýoly - altyn ýol. Olary bagtly, aýdyň geljek üçin dowam etdirmek ýaşlaryň esasy maksatlary bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak, olaryň şahsy başarnyklaryna goldaw bermek maksady bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işler oňyn netijeliligiň görkezijisine öwrülýär. Turuwbaşdan, üstünliklere, täze ýeňişlere eýe bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýaşlaryň ykbalyna täsir etjek, olara goldaw bermegiň anyk ugurlaryny kesgitlejek ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda ýaşlary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde goldamagyň, ylym-bilim babatynda zerur şertleri işläp düzmegiň, dünýäniň ösen talaplaryna laýyk bilim bermegiň nusgalyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu babatda degişli ministrlikler, guramalar tarapyndan jogapkärli wezipe-ler üstünlikli ýerine ýetirilip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşlaryny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.

Ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni, umu-man, ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşmagy, şeýle hem belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň mynasyp do-wam etdirilmegi ýurdumyzyň kuwwatyny, at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Sözüň doly manysynda döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler, ýaşlarymyzyň ruhy dünýäsiniň ajaýyp binasyny emele getirýän paýhas ýygyndylary, nesil terbiýesinde öňe çykýan adamkärçilik, döwletlilik, ynsanperwerlik ýaly kämil sypatlar bu günki gün döwrümiziň baş ýörelgeleri bolup, köňüllerde orun alýar. Munuň özi durmuşyň gözelligini, zeminiň abatlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny kepillendirip, rowaçly menzillerde dowamata atarýar.

Akjemal JUMAÝEWA, 
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.