KÄMILLIGE YMTYLÝAN HÜNÄRMENLERIŇ BILIM ALÝAN ÝOKARY OKUW MEKDEBI

03-10-23

Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýokary okuw mekdebimiziň esasy wezipeleri ýaşlaryň bilimini çuňlaşdyrmakdan we giňeltmekden, düýpli we ylmy-amaly barlaglary guramakdan hem-de geçirmekden, hünärmenleriň we ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bilim edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hili elektron bilim maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen sanly bilim bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Konsepsiýasyna laýyklykda institutyň çäginde bitewi maglumat tory,sanly bilim portaly, web saýt hereket edýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi we bu iş häzirki döwürde hem üstünlikli alynyp barylýar.Ýurdumyda halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň gurulmagy, olarda sapaklaryň häzirki zaman usulda geçirilmegine mümkinçilik berýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim terbiýe bermek,hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy.

Häzirki wagtda dünýä tejribesinde uzak aralykdan okuw bilim ulgamy iň öňdebaryjy we köp peýdalanylýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda sanly bilim gorlaryny işläp taýýarlamak bilen bir hatarda bilim işine gatnaşyjylaryň tor boýunça özara işleşmegini üpjün etmek uzak aralykdan bilim alamagynyň görnüşlerini öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça işler alynyp barylýar.

Ýokary okuw mekdebimizde gurnalan bilim portaly arkaly mugallymlar okuw işlerine degişli maglumatlary we talyplaryň sapaklara ýetişigini elektron görnüşde hasaba alýarlar.Sanly bilim ulgamynyň çäklerinde internet ulgamynyň mümkinçiliklerine ylymyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleri esasynda teleköpri arkaly uzak aralykdan bilim bermek usuly giňden peýdalanylýar.Bu usulda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri,ylym-bilim merkezleri uzak aralykdan sapaklary,wideoşekilli maslahatlar guralýar.Uzak aralykdan okuw okatmak munuň özi okuw işine degişli ähli düzümleri birleşdirýän sanly ulgam bilen guralarýan okuwyň görnüşidir.Häzirki wagtda  ýokary okuw mekdebimizde halypa mugallymlaryň sapaklary teleköpri arkaly uzak aralykdan gurnamak,talyplaryň arasynda dersler boýunça açyk internet bäsleşikleri geçirmek yzgyderli alynyp barylýar.Bu online duşuşyklar oňa gatnaşyjylaryň hemmesini ylmy gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär.Okatmagyň bu usuly häzirki wagtda dünýäde öran ýörgünli hasap edilýär.Çünki bu usul taraplaryň ählisi üçin tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda  hereket edýän bilim portalynda elektron öwreniji serişdeler dürli görnüşli maglumatlary saklamaga amatly bolan tanyşdyryşlar (prezentasiýalar) suratlar,çyzgylar,sesli we şekilli ýazgylar hem-de beýlekiler ýerleşdirildi.Portalda ýerleşdirilen okuw usully toplumyna okuw kitaplaryň elektron görnüşleri,okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar,usully maslahatlar, dersler boýunça usully gozükdirijileri, özbaşdak işler üçin ýumuşlar  degişlidir.

Umuman, aýdylanda, institutda ýaşlaryň kämil, ylymdan paýly, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri, mugallymlaryň öz hünärlerini kämilleşdirmegi üçin uly şertler döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Institutda okadylýan hünärler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny,şeýle hem ýerli dolandyryş edaralaryny sanly ykdysadyýetiň talaplarynda ösüşiň täze giňişliklerine çykarmagy başarýan ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly hyzmatlara eýedir. Munuň özi ýaşlara, olaryň bilim öwrenmeklerine aýratyn üns berilýändigini, döwlet derejesinde alada edilýändigini aýdyň beýan edýär. Ylym-bilimiň ösmegine, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Nyýazmuhammet MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynuň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

  Halypa mugallymy: Muhammetmyrat BERDIÝEW.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.