ÝAŞULULARYŇ AT-ABRAÝY — ÝAŞLARA NUSGALYK GÖRELDE
30-09-23

Türkmen halky ula hormat goýmagy başaran halk. Taryhyny müňýyllyklaryň köklerinden alyp gaýdan bu edim-gylym, sylag-sarpa halkymyzyň ruhy gymmatlyklara öwrülen ýörelgelerine çäksiz sarpa goýýandygyny görkezýär. Elbetde, bu ýörelge, häzirki günlerde nesillere hem ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyz durmuşa ornaşdyrýan her bir işine başlamazynyň öňüsyrasynda ýaşuly nesillere sala salýar.Gahryman Arkadagymyz hem dili dogaly pederlerimiziň nesil terbiýesindäki hyzmatyna uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr» diýen jümleleri şeýle keremli kelamlaryň tassyknamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda: «Ula salam ber, kiçä — kelam», «Ula — hormat, kiçä—hezzet»,«Garry—öýüň sütüni» diýen ýaly meşhur pähimler ýerleşdirilipdir. Pähimler ýöne ýere döremeýär. Onuň kökünde müňýyllyklaryň tejribesi, durlanan pikirler, hakykat ýatýar. Köpçülige barlanda, ýaşkiçiler ýaşululara salam berýär,olara hormat edýär.Ýa-da bolmasa, uly bir işe başlanmazyndan öňürti ýaşulularyň pikirine daýanylýar. Munuň özi bolsa, «Garry — öýüň sütüni» diýen nakylyň manysynyň dogrudygynyň subutnamasydyr. Galyberse-de, ýaşuly nesil biziň jemgyýetimizde, onuň aýrylmaz bölegi bolan maşgalada agzybirligiň nyşany hasaplanylýar. Hut şonuň üçinem halkyň dilinde: «Haýsy öýde agzybirlik höküm sürýän bolsa,ogul—atany,gyz—enäni sarpalaýan bolsa, şol öýüň ulusyna-kiçisine görelde mekdebi bolup bilýän ýaşulusy bardyr. Haýsy obanyň adamlary biri-birini sylap, hormatlap, şatlygyny-gaýgysyny paýlaşyp bilýän bolsa, şol obanyň kethudalary diýseň sylagly adamlardyr» diýen ýaly sözler aýdylýar. Paýhas parasady bilen tutuş ile görelde bolýan ýaşulularymyz häzirki günde ýaşlaryň arasynda edep-terbiýe meselesini wagyz etmekde, olaryň ata-babalarymyzyň ýörelgelerine wepaly, ygrarly, watansöýüji bolup ýetişmeklerinde iňňän uly orun eýeleýär.
Türkmen milletine mahsus bolan milli häsiýetleriniň iň gowularynyň biri ýaşululary arzylamak, olaryň öwüt-ündewini, berýän maslahatlaryny diňlemekdir. Ähli döwürlerde hem bu milli däp-dessury dowam edip, ýaşulusyny sylap, döwlete ýeten halkymyz ony nesillerine-de yzygiderli ýetirýär. Şeýle göwnemakul milli ýörelgeleriň döwlet derejesinde dowam etdirilmegi bolsa buýsanjyňy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, her ýylda ýurdumyzda geçirilýän Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse zyýapatlamak, hiç bolmanda ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent adamkärçilikden nyşan. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi şol çäksiz uly sylag-sarpanyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlarynyň bitewüligini berkidýän esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar.
Häzirki wagtda ýaşulularyň durmuşda ýygnan baý tejribeleri ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek, agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmak işinde örän wajyp ähmiýete eýedir. Ýaşulularymyz ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Ýurdumyzda ýaşululara goýulýan sylag, hormat, sarpa hemişe uludyr. Durmuşyň her bir ädiminde ýaşulular bilen geňeşmek, her bir işde olardan maslahat soramak sogapdyr. Olar mukaddes ojaklaryň bezegi, toý-baýramlaryň seresi, akyl-paýhasyň gözbaşy, pähim-parasatyň egsilmez çeşmesi hökmünde sarpalanýar. Bu asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolmagy hem mähriban türkmen halkymyzyň asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýar, ilimize rysgal-bereket bagyşlaýar, onuň mizemezligini berkidýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il sylagly ýaşulularyň birnäçesine «Hormatly il ýaşulusy» diýen atlaryň dakylmagy belent başlary göge ýetirdi. Ertir — 1-nji oktýabrda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni uly dabara, aýdym-saz bilen bellenip geçiler. Baýramlaryňyz hem, baýraklaryňyz hem gutly bolsun, belent başly çynarlar ýaly mertebeli atalarymyz!
Halkymyzda “Ýaşulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» diýen ajaýyp pähim bar. Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilýän çözgütler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Arslan HALIDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
DÖWLETIŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY SÜTÜNI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
«HAKYDA GÖWHERI» - DÜRLERIŇ JÖWHERI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» atly kitaby bütin halkymyz üçin gymmatly gollanmadyr. Çünki halkyň hakydasy, taryhy, mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hakyda — ynsan kalbynda göwher ýaly nur saçýan şamçyragdyr, tämizlikdir, geçmişe sarpadyr. Munyň özi türkmen halkyna peşgeş berlen ajaýyp sowagtdyr.
«MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty hem täzeçe öwüşginlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmekde, medeniýetimizi dünýä ýaýmak ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Alym Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär.
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGA UZAÝAN NURANA ÝOLDUR
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk, ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna giň ýol açdy.
«MAGTYMGULY — DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY»
Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähimpaýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.