MEKGEJÖWEN TOHUMYNY EKIŞE TAÝÝARLAMAKDA RKES – 1 KYSYMLY ENJAMYŇ TÄSIRI
09-07-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejede alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ähli babatda gülläp ösýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň milli buýsançlary we ruhy gymmatlyklary täze öwüşginlere, täze rowaçlyklara eýe bolup, at - owazasy dünýä derejesinde dabaralanýar.
Bagtyýar döwrümiziň erkin şemalyndan hümmetlenýän türkmen sähralary bu günki gün pagtadyr - bugdaýyň, behişdi nazy-nygmatlaryň bol hasylynyň bitýän bereketli mekanyna öwrüldi. Hormaty Prezidentimiz: “ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan, gül açýan ata Watanymyz ykdysady, syýasy we medeni taýdan giň gerimler bilen ösýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda we gurplulygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar” diýip belleýşi ýaly, bu gün güneşli Diýarymyzda türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmeti bilen baýamaga döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze ylmy açyşlary, öňegidişikleri döretmek, pagtaçylykda we gallaçylykda ýokary derejeli tehnikalary sanly ulgam arkaly netijeli ulanmak esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Mekgejöweniň hasyllylygyny artdyrmak we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Mekgejöweniň hasyllylygyny artdyrmak örän köp şertlere bagly bolýar. Şol sanda, ekişde bildirilýän talaplara laýyk gelýän ylmy taýdan esaslandyrylan ýokary hilli tohumlary takyk ekijilerden peýdalanyp, tohumy kesgitlenen möçberde ulanyp ekişi kadaly geçirmekligi önümçilige giňden ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Häzirki wagtda mekgejöweniň ekiş usulyny, ekiljek tohumlarynyň ýörite usullar bilen taýýarlanşynyň ösüş döwründe ideg edilşini ylmy we täze tehnologiýanyň, dünýä tejribesiniň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen düýpli kämilleşdirmäge zerurlygy duýulýar. Daşoguz welaýatynyň toprak-howa şertlerinde adaty usullarda mekgejöwenden sagdyn we talaba laýyk gögerjiligi we gürligi gazanmakda ýylyň ýylyna kynçylyklar ýüze çykýar. Şu nukdaý nazardan ekişden öň mekgejöwen tohumynyň häzirki zaman usullary ýagny himiki usul bilen aýyryp, dürli kesellere durnukly bolmak üçin mikroelementler bilen işlenilip, tohuma RKES-1 enjamynda mikrotolkun şöhleleri arkaly energiýa berip , ýokary derejede tohum taýýarlap, mekgejöwen tohumynyň agramyna we ekiliş aýratynlygyna baglylykda 7 görnüşini ulanyp ylmy işi geçirdik. Şol görnüşlerde ekişiň takyk, hatarlaýyn we bioplýonkanyň aşagyna ekmek usulyny, tohumyň bolsa mikrotolkun şöhle arkaly tohuma energiýa bermek usullaryny ulandyk.
Tohuma mikrotolkun şöhle arkaly energiýa berýän enjam. Oba hojalyk ekinleriniň toh RKES – 1 kysymly enjam tohuma mikrotolkunly energiýanyň umlaryny ekişden öň mikrotolkunly modul esasynda mikrotolkunly bejermek üçin gurnawlaryň birnäçesi döredilen. Şöhlelenmäniň modulynyň häsiýetnamasy her bir ösümlik üçin özbaşdak saýlanyp alynýar. Kiçi derejeli kuwwaty arkaly täsir edýär. Bu edýän täsiri tohumyň ösüş energiýasyny we ösümligiň immunitetini ýokarlandyrýar. Tohumlary ekişden öň mikrotolkunly bejeriş tehnologiýasy tohumyň infeksiýasyny ýok edýär, tohumyň ösüş energiýasyny ýokarlandyrýar, kök ulgamynyň ösüşini güýçlendirýär, ösümligiň fotosintezleýiji synalary ulalýar, ösümligiň tiz ösmegine we yokary derejede hasyl bermegine kömek edýär. Hasyllylygy 10-12%-çenli yokarlandyrýar. Şonuň üçin hem oba hojalyk pudagynda RKES-1 kysymly enjamy bilen işlemek köp maslahat berilýär.
Taýýarlan Mahliýa ROZYMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.