KALBY BUÝSANÇDAN DOLY YLYMLY-BILIMLI ÝAŞLAR

03-07-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň has-da kämil şahsyýetler, Watany gülledip ösdürýän nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Munuň aýdyň mysalynda ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler, gurnaklar biziň bagtyýar zamanamyzda bagtly ýaşlaryň dünýägaraýşyny artdyrmagyň, olaryň aýdyň geljeginiň güwäsidir. Ylym-bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bolsa elbetde, her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Şeýle ösen tehnologiýalardan baş çykaryp, dürli hünärleri ele almakda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, hünäre ugrukdyrmak ýurduň ösüşine oňyn täsir edýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz biziň geljegimize — ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatyndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, häzirki zaman ösen maglumatlar jemgyýetimizde ýaşlary milli äheňde, dünýä tejribesine daýanmak esasynda olarda bar bolan zehini ýüze çykarmak we endik başarnyklaryny kämilleşdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjudyr.

Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly­ – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar hakyndaky şeýle aladalaryň olaryň çagalyk döwründen başlanýandygyny, bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýşyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny yzygiderli berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.

Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ýokary bilimli ulag ulgamyndaky hünärmenlerini taýýarlamaklygy alyp barýar. Hünärleriň ählisi häzirki zamanyň ösen tehnologik prosesi bilen aýrylmaz derejede göz öňünde tutulyp, ýaş hünärmenlere ýetirilýär. Institutyň agzybir mugallymlary hem öz gezeginde bu ulgamda zähmet çekjek hünärmenleriň döwrebap ýokary bilimli bolmaklary üçin birnäçe işleri alyp barýarlar.Okamak, öwrenmek, döretmek üçin bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň başda durmagynda birnäçe uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär.

Eziz Arkadagymyz ýaş neslimiziň bilimden ýüküniň ýetik, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berip, bu ugurdaky işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Ine, şeýle bagtyýar zamanada, bilim pudagynyň gülläp ösýän döwründe bilimli, başarnykly ýaş neslimiz kemala gelýär. Döwletimiz bilim ulgamyna uly möçberde maýa serişdelerini gönükdirýär, munuň özi yzygiderli kämilleşýän okuw maksatnamalary bolan döwrebap okuw mekdeplerini döretmäge mümkinçilik berdi. Bularyň hemmesi ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn nygtamaly zatlaryň biri bilim edaralarynyň ähli görnüşlerinde we derejelerinde, degişli pudak ulgamlarynda hünärli bilimiň berilmegi, hünärmenleriň taýýarlanmagy, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamyny ýurdumyzyň ösüşinde jemgyýetimiziň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegi nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda hünärmenleriň kuwwatyny kemala getirmäge toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny, degişli düzümleri hem-de maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belleýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyplaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dynuwsyz tagalla edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlar täsirli guralýar. Has anygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek maksady bilen, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, okuwlaryň kämilleşdirilýändigini görmek has ýakymly bolýar. Umuman aýdanymyzda, institutda ýaşlaryň durmuşda öz ornuny tapmaklary, halal zähmet çekmekleri,saýlap alan hünärlerinde üstünlik gazanmaklary, jemgyýetiň durmuşyna özgerdiji goşant goşmaklary üçin döwlet tarapyndan ähli goldawlar berilýär we giň mümkinçilikler döredilýär.Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

 Rüstem ANNAMEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.


«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.


16926875026bf9.jpeg
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.