ARKADAG ŞÄHERI — ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI
01-07-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şäher gurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Şanly ýylda ýaşlaryň durmuşynda möhüm wakalar, uly özgertmeler biri-birine ulaşýar.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.
Aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseri. Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri — gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Şäheriň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Bu künjegiň arassaçylyk derejesi, döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär. Bu görnüşleriň agşamyň ýakymly howa gurşawy bilen sazlaşygy adamlaryň göwnüni göterýär, olary täze sepgitlere ruhlandyrýar. Aýratyn-da, şäheriň agşamky görnüşlerini guşuçar belentlikden synlanyňda, bu ýerde adam eli bilen döredilen täsin gözelligiň şaýady bolýarsyň. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen gurlan häzirki zaman şäheriniň bezeg aýratynlyklaryna we abadanlaşdyrylyşyna, yşyklandyryş ulgamynyň özboluşly gözelliginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleriniň toplumlaýyn şäher gurluşygy maksatnamasyna gatnaşmak däbi barha giň gerim almak bilen, aktual häsiýetlidir. Ýaş hünärmenleriň iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň çekilmeginiň, olaryň täze pikirleriniň we garaýyşlarynyň iş ýüzünde ulanylmagynyň zerurlygyny döwlet ýolbaşçymyz hemişe nygtap gelýär.
Milli Liderimiz Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça 25-nji martda geçirilen bilelikdäki mejlisde şeýle diýdi: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr». Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Ýaşlara berilýän üns, ýaşlar barada edilýän alada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Şonuň bilen bir hatarda hem döwletimiziň häzirki we geljekki belent maksatlaryny hemişe ýaşlar bilen berk baglanyşdyrýandygyny nygtamak gerek. Biz muny köp mysallaryň üsti bilen subut edip bileris. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Bu ýerde döwriň ýürek sesi bilen deň gadam urýan hyjuwly ýaşlaryň zähmet çekmekleri, döretmekleri, gurmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilen. Häzirki zamanyň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün edýän desgalar ýokary hilli binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar.
Şahyr Halyl Kulyýewiň:
“Gör, neneňsi ajap görnüş alnymyz,
Daglaryň üstünden daglar görünýär”
diýen ajaýyp setirleri bar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň alny bu gün biri-birinden zyýada jahan döwletleri bilen bäsleşýän görkana şäherler bilen bezelýär.
Halkara guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan Arkadag şäherine degişli sylaglar — şahadatnamalardyr güwänamalar, diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkmenistanyň tejribesinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan ilkinji şäher halkara sylaglaryň jemi 21-si bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki dünýäniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň we beýleki birnäçe düzümleriň, ýöriteleşdirilen edaralaryň degişli sylaglary bar. Ýeri gelende, şu aýyň başynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berlendigini hem bellemek gerek. Bularyň ählisi Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylan öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, «akylly» we «ýaşyl» şäher çemeleşmelerine, ekologik we binagärlik aýratynlyklaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini tassyklaýar.
Ýollaryň ýalkymly, gündizleriň şuglaly, gijeleriň hemişe nurly bolsun, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri!
Kerwen ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Halypa mugallymy Akmurat ÝAGŞYMURADOW.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.