Ykbalyň eçilen bagty — ýurt berkarar, ýaşlar bagtyýar
27-06-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak täze taryhy döwürde-de mynasyp dowam etdirilýär. Şoňa görä-de şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynda hem halkymyzyň Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan belent söýgüsi ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ýaşlar bilendigine bolan mizemez ynamy aýratyn şöhlelenýär.
Berkarar Diýarymyzda bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda gysga döwürde bitirilen beýik işler bu gün halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydyr. Bu möhüm wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň esasy şert bolup durýandygy hemmämize mälimdir.
Zehinli ýaşlarymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim we ylym almaklary ugrunda amala aşyrylan toplumlaýyn işleriň aýdyň netijesidir. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän halkara bäsleşikler hem ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, olaryň bilim babatdaky tejribesini has-da baýlaşdyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halk hojalygynyň ähli ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli berjaý edýärler. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Hut şu belent maksatlaryň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy tilsimatlardan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen okuw mekdeplerinde ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna niýetlenilip, iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişi dünýä hil derejesine çykarylýar. Biz — talyp ýaşlar hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýarys. Özümiz hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap edip, oňat bahalar bilen okamak, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolmak üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzy üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenler ulag we kommunikasiýa ulgamynyň edaralaryna we kärhanalaryna işe ýollanýar. Institutymyzyň sanly portalynda okuw kitaplarydyr gollanmalar, okuw dersleri boýunça professor mugallymlaryň audio we wideo ýazgylary goýulýar, kitaphanamyzda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda sanly bilim portaly we elektron resminama dolanyşygy işe girizildi. Institutymyzyň internet web-saýty döredildi we talyplara elýeterli edildi. Institutymyzyň professor mugallymlary ýokary bilimli, başarnykly hünärmenleri ýetişdirmekde, bu ugurdaky işleri giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda agzybirlikli zähmet çekýärler. Arkadag Prezidentimiziň ynamyny döredijilikli hem-de yhlasly zähmetimiz, okuwda we işde gazanýan üstünliklerimiz bilen ödejekdigimize, ähli gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy, ylym-bilimimizi ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bagyş etjekdigimize ynandyrýarys.
Nurmuhammet ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.