TALYP ÝAŞLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINE BAŞLADYLAR
26-06-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylyma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda Hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin uniwersitetimizde uly aladalar edilýär. Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda, ussahanalarymyzda, synag meýdançalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar.
Milli bilim ulgamynda oba hojalyk toplumy üçin örän möhüm bolan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek we önümçilikde işläp ýören hünärmenleriň hünär derejelerini döwrebap kämilleşdirmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ýurt baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleri özüniň gowy netijelerini berýär. Muňa ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlary bolan biz öz gündelik durmuşymyzda, okuw işlerimizde göz ýetirýäris.
Önümçilik tejribeligiň esasy maksady — bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir. Talyp ýaşlar tejribe we nazaryýet bilimlerini umumlaşdyrmak bilen çäklenmän, geljekki käriniň wezipe borçlary bilen hem iş ýerinde tanyşýarlar.
Ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler bilen bilelikde okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda öwrenilen maglumatlary institutda ýörite hereket edýän okuw-tejribe hojalygynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär. Okuw we önümçilik tejribeliklerinde talyplar diňe bir maglumat toplamak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşýarlar.
Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, uniwersitetde okuw we önümçilik tejribelikleriniň nazary okuwlar bilen utgaşdyrylyşyny döwrebap guramak hem-de kämilleşdirmek işleri ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barylýar.
Okuw meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp berkitmek maksady bilen, 2022-2023-nji okuw ýylynyň dowamynda-da ýokary okuw mekdebimizde okuw-önümçilik tejribelikleri geçilýär.
Talyp ýaşlaryň tejribelikleri «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi hakyndaky» Düzgünnama laýyklykda geçirilýär. Düzgünnama görä, geljekki hünärmenler bilim alýan ugurlaryna laýyklykda, edara-kärhanalara tejribelige ýollandylar. Inžener-tehnologlarymyz dürli tejribehanalarda işlemegiň düzgünlerinden başlap, olarda işi ýöretmegiň usullaryny içgin öwrenýärler. Ýörite enjamlaryň kömegi bilen dürli ylmy-barlaglary, seljermeleri geçirýärler. Ýerine ýetirilen işler esasynda tejribeligiň gündeligi hem-de hasabatlary ýöredilýär.
Ýokary okuw mekdebinde tomusky okuw we önümçilik tejribeliklerini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň oba hojalyk edara-kärhanalary bilen şertnama baglaşylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şertnama hünärleriň tassyklanan okuw meýilnamalaryna esaslanyp, talyplaryň okuw we önümçilik tejribeliklerini okuw meýilnamasyna görä, bellenen möhletlerde, hünärine laýyklykda, ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulyp düzüldi.
Önümçilikde esasy maksatlaryň biri hem, ýaş hünärmeniň özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir.Geljekde talyp ýaşlar öz saýlap alan hünärlerinden ussatlyk bilen baş çykarmakdyr.Önümçilik tejribeliginiň geçilýän döwründe berlen ýumuş boýunça dürli işleri ýerine ýetirmek bilen, edaranyň berkidilen hünärmenleriniň,ussat halypalaryñ toplan iş tejribesinden peýdalanýarlar. Bu bolsa talyp ýaşlara öz saýlap alan hünäri boýunça tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribede ulanmaga mümkinçilik berýär.
Talyplaryň önümçilik tejribeligi geçişlerine her kafedra boýunça degişli ugurdan okadýan halypa mugallymlar tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär we bahalandyrylan hasabat kabul edilýär. Edara – kärhanalar tarapyndan önümçilik tejribeligini döwrebap geçirmek üçin ýörite buýruk bilen ýokary derejeli hünärmen – inžener berkidilýär.Talyplar tejribeligiň ilkinji döwründe öz hünärleri boýunça önümçilikde tehnikanyň howpsuzlygynyň düzgünleri, daşky gurşawy goramagyň kadalary, abatlaýyş işleriniň gurnalyş usullary bilen içgin tanyşdyrylýar.
Tejribelikleriň talabalaýyk geçirilmegi üçin edara-kärhanalarda ähli mümkinçilikler döredilipdir. Talyp ýaşlar bilen okuw-önümçilik tejribelikleriniň geçirilişine mekdebiň mugallymlary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Talyp ýaşlar tejribelik döwründe edara-kärhanalaryň önümçiligine ornaşdyrylan täze tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmaga-da mümkinçilik alarlar. Munuň özi olaryn nazaryýetde öwrenenlerini tejribelik arkaly berkitmeklerine we milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan gaz ulgamy boýunça saýlap alan hünärlerini birkemsiz ele almaklaryna şert döreder.
Ýeri gelenini bellesek, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem geljekki oba hojalyk pudagy we tehniki hyzmatlary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işlerde hem nazaryýet bilen tejribeligiň arabaglanyşygynyň pugta bolmagy üçin dersler okadylanda dürli öňdebaryjy usullardan peýdalanylýar, talyplarda ylmy barlaglary geçirmegiň endikleri ösdürilýär, olaryň ylmy maslahatlarda özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça çykyş etmekleri höweslendirilýär.
Abdulla SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Halypa mugallymy Akmurat ÝAGŞYMURADOW.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
MUKADDES GYMMATLYK
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ
Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.