Inženerleriň we tehnologlaryň ýaş hünärmenleri kemala gelýär
20-05-23
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we gurluş, inženerçilik çözgütleriniň döwrebaplygy, olarda tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde oňa erk edip we dolandyryp bilýän, täze taslamalary işläp düzmegi başarýan hünärmenleri ýetişdirmek işi döwletiň üns merkezinde saklanýar.
Bu ugurda alnyp barylýan tehniki ylmy syýasatynyň rowaçlanýandygyny bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döredilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, senagat pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemek bilen baglydyr.
Ýokary okuw mekdebimizde bilimiň halkara ölçeglerine, milli bilim ulgamynyň ýörelgelerine, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýüzlerçe talyba ýokary hünär bilimi berilýär. Institutymyzda ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça degişli fakultetlerde ýokary bilim-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar.
Mysal üçin, Demir ýol ulaglary fakultetimizde okuwlar ulaglar baradaky ylymlary we tehnologiýalary öwrenmekden başlanýar hem-de Demir ýollaryň hereket edýän düzümi; Demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy ýaly hünärlerden ybarat.
Ähli fakultetlerde hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyp ýaşlara tejribeli mugallymlar, uly mugallymlar, ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, dosentler we professorlar hünär öwredýärler. Sapaklar sanly ulgamda, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem özleşdirilip, onda bilim usulyýetiniň soňky gazananlary işjeň peýdalanylýar. Sapaklar amaly we umumy görnüşde bolmak bilen, tejribeler arkaly berkidilýär. Öwrenilenleri özleşdirmek, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen hünär ugurlaryna laýyklykda göçme okuw sapaklary, teleköpri arkaly baglanyşyk we önümçilik tejribelikleri hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan höweslerimizi has-da artdyrýar.
Ýokary okuw mekdebimiziň toplumlaýyn binalary kaşaňlygy, okuw otaglarynyň ýokary hilliligi, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýy, sport merkezi we beýlekiler bu ýerdäki işleriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Okuwlary we ylmy-barlag işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin institutyň ýanynda ýörite Ulag-logistika ylmy merkezi hem hereket edýär. Onda ýaş alymlaryň hem ylmy işleri, täze taslamalary alyp barmaklary, inženerçilik we tehnologiýa boýunça işläp-düzmek boýunça tejribeleri geçirmek üçin giň mümkinçilik açylýandygyny hem bellemek gerek. Ylmy tejribe bilen utgaşdyrmak talyplaryň alan bilimlerini önümçilikde ulanmak başarnyklaryna eýe bolmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Institutymyzyň mugallymlarynyň alyp barýan tutanýerli işleri hem-de talyplarymyzyň bilim almakdaky erjelligi ýaşlarymyzyň döwletiň ykdysady ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirmäge esas berýär.
Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda tehnologlaryň we inženerleriň täze nesli kemala gelýär. Bu bolsa ykdysady, syýasy we medeni taýdan kuwwatly ösýän döwletimiziň häzirki zaman gadamlarynyň diňe öňe ilerleýändiginiň alamatydyr. Watanyň kuwwatyna kuwwat goşjak, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşup biljek hünärmenleri kemala getirmek mugallymlarymyzyň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Eziz KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instititynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
MUKADDES GYMMATLYK
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ
Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.