Magtymguly Pyragynyň eserlerinde bedew waspy
15-05-23
Çeper söz ussady bolan Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi eýýamyň ugryny esaslandyran şahyrdyr. Akyldar şahyr indi iki ýarym asyrdan gowrak wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwen başysy bolup gelýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňden öz beýanyny tapýar. Hut şonuň ýaly-da türkmen bedewiniň waspy hem şahyryň döredijiliginde öz ornuny tapýar.
Bedew türkmen milletiniň milli baýlygydyr, genji-hazynasydyr. Muňa geçmişimiziň jümmüşinden alyp gaýdýan geçmişimiz hem türkmen bedewine goýýan sarpasy hem şaýat bolup durýar. Gadymy Türkmen döwletleriniň ulalmagynda, giňelmeginde we beýgelmeginde türkmen bedewiniň uly orny bardyr. Magtymguly Pyragy türkmen bedewini akylly, parasatly, beýik ahlakly we mert adam ýaly görüp gaty uly sarpa we hormat goýupdyr. Muňa mysal edip “At ýanynda bellidir” goşgysyny getirip bileris:
Eşek özün egsig saýmaz bedewden,
Gymmat etseň, at ýanynda bellidir.
Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly şahyr öz goşgularynda aty we eşegi deňeşdirme mysalynda alypdyr. Bu ýerde nadanyň akylly adamdan tapawudynyň eşek we atyň mysalynda getiripdir diýilse, ýalňyş bolmaz diýip pikir etmek bolar. Nadan adam näçe öwünsede ýa-da ony näçe öwseňde öz nadanlygy bilen ol hiç wagt akylly parasatly adam bilen deň bolup bilmejegini şahyr aýdyň görkezipdir. Eger gönümel manyda alanyňda hem goşguda şahyr eşegiň eşek ýerinde, bedew atyň öz mynasyp ornunyň bardygyny, emma eşek özüniň agyr işleri edýänligi üçin hiç haçan bedewden pes saýmaýandygyny nygtajak bolýar. Hakykat-da, bedew atyň gymmaty, onda-da türkmen bedewiniň orny derejesi örän ýokardadyr. Ata-babalarymyzdan gelýän: “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” ýaly nakyllary bize miras galmagy hem tötänden däldir. Şu nukdaýnazardan bedew atyň bar öýünde rysgalyň, döwletiň bol bolýandygyny şöhratly ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesle nygtap-nygtap aýdyp gelýärler.
Bedew diýgeç, hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
Goşgynyň bu bentlerinde hem akyldar şahyr akylly bilen akyllynyň, parasatly bilen parasatlynyň, mert bilen merdiň we dana bilen dananyň arasyndada uly tapawut bardygyny we bu tapawut hem başyna iş geleninde belli bolar diýip belläp geçipdir diýsek dogry bolar.
Magtymguly Pyragy beýik şahyr. Çünki, ol eserlerinde Türkmeniň ähli milli gymmatlyklaryny hiç haçan ünsden düşürmändir. Onda-da diňe bir wasp etmek ýa-da tarypyny ýetirmek däl, eýsem döreden eserlerinde, haýsy bir zat bolsun ony düşündirip, adamzadyň maňzyna anyk ýetirmek maksady bilen ylmy nukdaýnazardan teswirini berip geçipdir.
2024-nji ýylda türkmen halkynyň hem-de bütin Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň mukaddes türkmen topragynda doglanyna 300 ýyl dolýar. Beýik akyldaryň külli adamzadyň altyn hazynasyna giren edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli we medeni mirasymyzy, akyldar şahyrymyzy hormatlap arşa galdyran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Timur POLADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.