HEREKET HOWPSUZLYGY UGRUNDA

13-09-24

Dünýä ýüzünde düzgünleşdirilen ýol hereketiniň edep kadalaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap düzgünler we talaplar bilen utgaşdyryp ulanmak, berjaý etmek zerurlygy artýar. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda iki gyrasyna dürli baglar jäheklenen giň, owadan ýollarymyzda bu gün dürli kysymly ulaglar yzygiderli hereket edýär. “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýip Baş Kanunymyzda kepillendiren döwletimizde köçe-ýol hereketiniň howpsuz we asuda bolmagynyň kanuny esaslary berkidilýär.

Döwrümiziň, döwletimiziň, parahat dünýämiziň ösen şertlerinde kabul edilen ýol kadalaryna laýyklykda ýollardan, köçelerden diňe saga tarap hereket edýärler. Sürüjiler-de, pyýadalar-da bu kadadan ugur alýarlar. Ýolda seresaply bolmak, pyýada üçin ýörite niýetlenen geçelgelerden geçmek, ýol ugrunda goýlan ýolyşyklaryna görä ýol edebini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary kanun bilen kesgitlenendir. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýollarda howpsuz herekete bolan hukuklarynyň kanun esasynda berkidilmegi adam hukuklary baradaky konstitusion hukuklarymyzyň girewidir.

Biziň her birimiz konstitusion hukuklarymyzdan giňden peýdalanyp, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidigimizi, seresaply bolmalydygymyzy unutmaly däldiris. Uly ýaşly adamlaryň köçe-ýol hereketiniň kadalaryny, talaplaryny doly we dogry berjaý etmekleri çagalara görelde bolar. Çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekde berilýän öwütleriň täsirini ýokarlandyrar. Maşgalada we bilim-terbiýeçilik edaralarynda bu ugurda geçirilýän söhbetdeşliklerde ýoldan geçilende telefonda gürleşmeli däldigini, ses güýçlendiriji enjamlardan peýdalanmaly däldigini, ulagda barylýarka sürüjä dürli soraglary berip ýa-da haýsydyr bir wakany gürrüň berip ünsüni sowmaly däldigini, uky ýa-da köşeşdiriji serişde ulanyp ýola çykmaly däldigini ýaşlara doly düşündirmelidiris. Ýaşlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini oňat bilmekleri we doly berjaý etmekleri biziň ýollarymyzyň asudalygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün eder.

Şu nukdaýnazardan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň, maslahatlaryň, bu mowzuga degişli bäsleşikleriň guralmagyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ýokary okuw mekdeplerinde hem hereket edýär.

Garaşsyz Diýarymyzda okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ömrümiziň rahat bolmagy üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mähri GADAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.