Agzybirligiň, jebisligiň we ösüşiň aýdyň ýoly

15-05-23

Ýene sanlyja günden ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni uludan belleniler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize belent sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan döwlet baýdagymyz we Türkmenistanyň Konstitusiýasy başymyzyň täjidir. Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda her bir günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Halkymyzyň il agzybirliginde, ýurt jebisliginde belleýän iň bir ajaýyp seneleriniň biri hem 18-nji maýdaky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilenine 31 ýyl dolýar. Sanlyja günden goşa mukaddesligiň şanly senesini dabaraly ýagdaýda belläp geçeris.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy we ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň we jemgyýetiň ýeten derejelerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, Esasy Kanuna iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyz diňe bir mazmun däl, eýsem, gurluş taýdan hem kämilleşdirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň geljegini üpjün etmekde berk binýat bolup durýar. Kanunçylyk hukuk binýadynyň berk bolmagy, halkyň döwlet Tugumyza buýsanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar we azatlyklar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlardaky özgerişlikler, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, giň möçberli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan beýik işleriniň netijesidir. Bu özgertmeler adamzat ösüşiniň ählumumy meýilleri hasaba alnyp amala aşyrylýar hem-de häzirki döwrüň syýasy, ykdysady we ynsanperwer maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri ösüşleri üpjün edýär hem-de «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynda beýanyny tapýar. Merdana we agzybir halkymyz Esasy Kanunymyzyň binýatlyk kadalaryna daýanmak arkaly mukaddes Tugumyzy belentde parladyp, gurýar, döredýär, röwşen geljege tarap okgunly öňe barýar.

Türkmenistan döwletimiziň ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, döwlet nyşany hökmünde 1992-nji ýylda — özbaşdak, erkin, Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagy döredildi. Türkmen sährasynyň reňkini özüne siňdiren Döwlet baýdagymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklary, gözüniň göreji deý aýap gelen mukaddeslikleri öz beýanyny tapdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşany hökmünde görnükli ýerde ýerleşdirilen zeýtun baldaklary milli Tugumyza aýratyn öwüşgin çaýýar we döwletimiziň parahatsöýüjilik syýasatyny bütin dünýä açyp görkezýär. Abraýly halkara guramalaryň binalarynyň öňünde al-asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz hakyndaky kanunçylyk hem öz gözbaşyny Konstitusiýamyzdan alyp gaýdýar, ýagny Esasy Kanunymyzda berkidilen kada laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň, Garaşsyzlygynyň we döwletiň Bitaraplygynyň nyşanydyr.

Halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ahmet GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.