Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili

01-09-23

Joşgunly aýdym-sazlar, şygyrlar ynsana ganat baglap, ony ýaşaýşa höweslendirýär. Şahyrlaryň göwün joşundan çykýan şygyrlar ynsan ruhuny galkyndyrýar. Muňa beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda has-da göz ýetirýärsiň. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary gymmatly hazynadyr. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da sarpasy uludyr. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr.

Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýändigini edebiýatçy alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Esasan hem bu goşgularyň halka täsirli bolmagynda türkmen diliniň söz baýlyklarynyň uly orny bar. Şahyr ene dilimiziň söz baýlyklaryny ýerlikli peýdalanyp, döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, pikirler, setirler sazlaşyp many-mazmun emele gelýär.

Magtymguly Pyragynyň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk baradaky goşgularyna üns bersek, “Ýeli Gürgeniň”, “Türkmeniň”, “Gidiji bolma”, “Depe nedir, düz nedir”, “Gözlär men” ýaly goşgularynyň çuňňur mazmunyny görýäris. Bu goşgularyň içinden Watany söýmek, il-güne wepaly bolmak, batyrlyk, edermenlik baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň döredijiliginde wagyz-nesihat, öwüt-ündew häsiýetli goşgulary görmek bolýar. Şeýle goşgular ýaş nesilleri watançylyk mekdebinde terbiýelemekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk için-de giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Şahyryň “Aty gerek”, “Mert biläni”, “Meýdan ýoluksa”, “Begler” ýaly goşgulary mertligi, gaýduwsyzlygy öwüt-ündew edýär. Şeýle goşgular nesilleri merdanalyk, watansöýüjilik mekdebinde terbiýelemekde örän möhümdir, çünki bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgelerini görmek bolýar. Şahyryň döredijiliginde ynsanperwerlik, dost-doganlyk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgeleri hem görmek bolýar.

Halkymyzyň dost-doganlyk ýaly asylly ýörelgesi öwüt-ündewli goşgularda getirilmek bilen, ýaş nesillerde oňat häsiýetleri terbiýeleýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgeler edebiýatyň hem baş ugry bolmagynda galýar. Ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary terbiýeçilik ähmiýete eýe boldy, nusgawy edebiýatyň esasy özenini düzdi. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýat öwrenilende, ilki bilen, şahyryň goşgularynyň many-mazmuny hakynda beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek baradaky başlangyç ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalbyna şatlyk nuruny çaýýar. Şu ýerde dünýä okyjylarynyň hem Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly goşgularyny okaýandyklaryny, olaryň many-mazmunyna uly sarpa goýýandyklaryny bellemelidiris. Munuň özi diňe adamyň däl-de, eýsem, ähli adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýarýar, kalplary nurlandyrýar. Şeýle ajaýyp döredijiligi öwrenmek we nesillere wagyz etmek her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Gadymdan gelýän dilimizi, nusgawy edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Yhlas AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.