Ykdysadyýeti sanlaşdyrmakda häzirki zaman usullar

27-12-21

Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belentliklere götermekde, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, hususan-da bazar gatnaşyklary şertlerinde halkara söwda dolanyşygynyň subýektleriniň arabaglanyşygynyň  giňeýän döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly ädimler ädýär. Bu bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň  ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” bada-bat üstünlikli amala aşyrylyp başlanmagy bilen mümkin boldy. Onda innowasion düzüme, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Elbetde, ynsan işjeňliginiň dürli ugurlarynda innowasion maglumat tehnologiýalaryny we ulgamlaryny giňden ulanmazdan jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Bu günki gün  ýurdumyzda hem sanly ulgama geçmeklik giň gerimli amala aşyrylýar. Şu ugurda durnukly ösüşi gazanmak üçin peýdaly teklipleri işläp düzmek zerurdyr. Şeýle ösüşleri maglumat tehnologiýalary bilen bagly ulgamlary peýdalanmak arkaly innowasion syýasatyny amala aşyrmagyň barşy bilen baglylykda Forsaýt usulýetini peýdalanmak dünýä halklarynyň mysalynda görmek bolýar. Dünýä tejribesinde Forsaýdyň jemi 3 nesli kesgitlenendir. Olar şu aşakdakylardyr:

1. Ýewropa bileleşiginiň tejribesi bolup. Ol “Lissabon strategiýasy” arkaly kesgitlenilýär.

2. Angliýanyň tejribesinde bolsa diňe tehnologiki we bazar perspektiwalaryny ybarat bolup, onuň 1-nji tapgyry 1994-1999-njy ýyllary öz içine alýar. Şeýle-de alymlar ony tehnologiki, bazar we sosial-durmuş meseleler integrasiýasy bilen häsiýetlendirýärler. Onuň 2-nji tapgyry 2000-2002-nji ýyllary  we  3-nji tapgyry bolsa 2003-2004-nji ýyllary özünde jemleýär.

3. ABŞ-nyň tejribesinde "möhüm tehnologiýalary" ösdürmekde forsaýt usullaryny ulanmak arkaly kemala gelipdir. Şondan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlary möhüm üýtgeşmeleriň sanawyny düzmekde, jemgyýetçilik üýtgeşmelerine täsir etmäge we ýurduň jemgyýetçilik geljegini emele getirmäge mümkinçilik berýän jemgyýetçilik-syýasy çygrynda  forsaýt  usulýetini öwrenmekde möhüm tejribe toplady.

Forsaýt  usulyýeti adaty çaklamalardan we strategiki meýilnamalaşdyrmakdan düýpli tapawutlanýar, has dogrusy ol ähli gyzyklanýan taraplary goldamaga çalyşýan gatnaşyjylar üçin geljegiň umumy görnüşini döretmäge gönükdirilen prosessi guramagyň usulyýetidir. Ol häzirki wagtda diňe bir ösen ýurtlar tarapyndan ylmy we tehnologiki gözlegleriň strategiki ugurlarynda ýa-da belli bir ýurduň içki çäginde ulanylman, eýsem, ol dünýä döwletleriniň ählisi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Beýan edilenler Forsaýt barlag usullarynyň postindustrial jemgyýete tarap barýan umumy adamzat siwilizasiýasynda örüsiniň has-da giňeýändigini, şeýle-de häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýan sanlaşdyrylan ykdysadyýetde wajyp meýilnamalary, çözgütleri kabul etmekde möhüm usulyýet bolup durýandygynyň aýdyň tassygydyr. 

Bulardan başga-da, Forsaýt sanly gurşawda diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegi üçin wajyp teklipleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, her birimiziň dünýä garaýşymyzyň üýtgemegine hem-de jemgyýetçilik aňynyň özgermegi üçin-de öz peýdaly täsirini ýetirýär.     

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler döwletimiziň ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle ajaýyp zamanada biz ýaş hünärmenlere giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban arkadagymyzyň il, ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

Maýsa ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Ykdysadyýet we amaly informatika” kafedrasynyň mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 37041

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.