Açyk sapak: «Üçgat integral we onuň hasaplanyşy»

08-05-23

 Berkarar dӧwletiiň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy uly ӧsüşleri başdan geçirýär. Dӧwrebap bilim ulgamynyň dӧredilmegi bilen, ýaş nesilleriň bilim derejesi artdy. Ýaşlara dӧwrebap bilim bermekde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem jana aýamazakly zähmet çekýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda 5-nji maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda 134-nji okuw otagynda mugallym Ogulbaýram Hatjyýewanyň «Ýokary matematika ders» sapagy boýunça açyk sapak geçirildi. «Üçgat integral we onuň hasaplanyşy» atly açyk sapagyna Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymlary hem gatnaşdylar. 

Açyk sapaga gatnaşanlar mugallymyň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary bilen tanyşdylar. Şonuň ýaly-da, olar sapakda ulanylan usullar barada özara pikir alyşdylar. Üçgat integral we onuň hasaplanyşy bilen baglanşykly düşünjeler örän sada we ýönekeý dilde düşündirilmegi, ähli gatnaşyjylaryň göwnünden turdy. Açyk sapaga synçy hökmünde mugallymlar Ýokary matematika kafedrasynyň müdiri Geldiýew B.A; okuw bölüminiň hünärmeni Öwelekowa K.K; Kärhananyň ykdysadyýeti  we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy Akynyýazowa Şirin dagylar gatnaşdylar. Sapagyň jemleyji bölegi, geçilen tema boýunça soraglara jogap bermek, goşmaça ýumuşlary tabşyrmak boldy. Geçirilen açyk sapagyň esasy maksady, zehinli ýaşlary taýýarlamakdan, olary matematika dersine höweslendirmekden we Türkmenistan döwletimize gerekli, ilhalar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda netijeli işler alnyp barylýar.

Talyp ýaşlara bilim ber­mekde ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän, şeýle hem şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýan mugallymlaryň arasynda yokary okuw mekdebiň "Ýokary matematika" kafedrasynyň mugallymy Ogulbaýram Hatjyýewanyň ady buýsanç bilen tutulýar. Ogulbaýram Hatjyýewa öz mugallymçylyk karýerasynda onlarça ökde hasapçylary hem-de matematikçylary ýetişdirdi we şu günki günde ýetişdirmäge dowam edýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň ýokary okuw jaýymyzda «Aýyň fakulteti», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly bilim bahalandyryş bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. 2022-2023-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň aprel aýynda ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň alyp barýan işlerinde ýokary netijeleri görkezip, «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly hormatly atlara mynasyp boldular. Ýeri gelende bellesem, Aprel aýynda «Ýokary matematika» kafedrasynyň mugallymy Ogulbaýram Hatjyýewa «Aýyň mugallymy» adyna mynasyp boldy. Ol okuw sapaklaryny talaba laýyk alyp barmakda, şeýle-de jemgyýetçilik işlerine we teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda çykyşlary ýerine ýetirmekde alyp baran işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalar bilen kesgitlenildi.                         

Şeýle bagtyýar zamanada, ýaşlara bildirilýän uly ynamyň ýyly bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda okatmaga, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 Şirin AKYNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.