DÖWREBAP HÜNÄRMENLER — AÝDYŇ GELJEGIMIZ

25-12-21

Häzirki wagtda ösüşdir özgertmelere beslenýän ýurdumyzda milli bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli hünärmenler taýýarlanýar. Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde institutymyzda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini, ýaşlaryň döwrebap bilim alýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Institutymyzda bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesiller kemala gelýär. Şonuň üçin hem sanly bilimi ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda institutymyzda özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.Şonuň netijesinde, sanly ulgama geçirmekde anyk işler amala aşyrylýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde örän jogapkärli wezipeler goýuldy. Olary amal etmek boýunça ýokary bilim ojagymyzda degişli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Konsepsiýada sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligini taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde içki  portal  işlenip düzüldi. Bu portal  elektron serişdeleri ulanmak bilen okatmagy we bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmäge, talyplaryň bilim derejesini barlamak işini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Tor programmasy arkaly synaglaryň aralyk jemlemeleriniň geçirilmegi ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdebimiziň okuw otaglarynda uzak aralykdan okuwlary geçmek boýunça ähli zerur şertler üpjün edilip,ýöriteleşdirilen okuw otagy döredildi. Bu okuw otagynyň kompýuter bilen enjamlaşdyrylmagy welaýatymyzyň we ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuwlary guramaga şert döredýär. Munuň özi okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyplaryna özara tejribe alyşmaga hem-de okuw-ylmy täzelikler bilen öz wagtynda tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açmaklary, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, il-günümize gerekli, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan institutymyzyň bagtyýar talyp ýaşlar diňe bir hünär bilimlerini ösen tehnologiýalaryň esasynda ele almak bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini uly buýsanç, döredijilik ylhamy bilen wasp edýärler.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň ähmiýetini wagyz etmek, many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, ylmy-döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, bäsleşiklerdir hepdelikler, açyk, görelde sapaklary yzygiderli geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramakda, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda mugallymlar, bilim işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Işgärleriň sanly sowatlylygyny artdyrmak üçin hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça degişli ýörite okuwlar guralýar.

Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda köp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara uzak aralykdan bilim bermek maksady bilen portal saýty we birnäçe internet torlary döredildi. Bu portal saýty hem-de internet torlary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalardan peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilik döredýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary üçin döwrebap işler ýola goýuldy.

Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygy kämilleşdirilýär. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.

Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesli terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde yhlas siňdirýärler. Talyplarymyz önümçilik tejribelikde bolanlarynda ussat halypalardan nusga alyp, kämil hünarmenler bolmaga çalyşýarlar.

Sanly ulgam arkaly tejribeli mugallymlar bilen sapaklar guralýar. Sapakda multimedia tagtalaryndan peýdalanylýar. Multimedia tagtalary we proýektorlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebimiziň otaglarynda mugallymlarymyz sapaklaryny tehniki serişdeler arkaly guraýar. Mugallymlaryň taýýarlan görkezme esbaplary, prezentasiýalary, görelde sapaklary, ylmy maslahatlary, taýýarlan usuly işleri ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Ýaş nesliň döwrebap bilim alyp, kämil hünärmenler bolmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Näzik ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň
Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäri.

Abuna tassyklaýyş kody: 99532

16a337ada189d0.jpeg
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.


16a3377c0d616a.jpeg
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


16a3376cef337c.jpeg
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.


16a33734d326ea.jpeg
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip

17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.


16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.