Aşgabatda 43-nji belgili täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

25-12-21

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus gatnawyny ýola goýdy.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 43-nji “Parahat – Bekrewe” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A. Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B. Annanow köçe – Oguzhan köçe – N. Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bekrewe şosse bilen hereket edip, yzyna Bekrewe şosse – 10 ýyl Abadançylyk köçe – “Älem” medeni dynç alyş merkezi binasyna baryp yzyna –10 ýyl Abadançylyk köçe – N. Andalyp köçe – Oguzhan köçe – B. Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A. Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.