DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE GIŇ MÜMKINÇILIKLER
23-12-24
Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilim bermäge aýratyn üns berilýär. Milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamy esasynda okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Elektron okuw okuwçylary özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär.
“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi üçin ýurdumyzda raýatlaryň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün etmegi döretmek barada anyk ugurlar beýan edilýär. Bu bolsa, ilki bilen, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlaryň ussat kämillige eýe bolmalydygyny aňladýar we bu resminamada ussatlygy kämilleşdirmegiň anyk ýollary, talaplary we çäreleri jikme-jik beýan edilýär.
Şeýle hem ol daşary ýurt dillerini öwrenmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda okatmagy döwrebaplaşdyrmagyň usulyýet çeşmesi bolup durýar. Bilim ojaklarynda has takygy mekdep okuwçylarynyň dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanylyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy - geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Sebäbi, aýdyň geljek şu günüň ýaşlarynyň sowatlylygy bilen bagly. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biri.
Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryny gazanmaklyga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary amala aşyrýar we bizden oňyn netijelere garaşýar.
Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar. Türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatsöýüjilikli syýasatymyzyň astynda dost-doganlyk dillerimizi hasam anyk öwrenip, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny pugtalandyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Daşary ýurt dilleri boýunça sowatlylygy ösdürmäge we hünärimizi kämilleşdirmäge döredip berýän ummasyz mümkinçilikleri üçin, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Maýsa ARAZMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.