INSTITUTYMYZDA LOGISTIKA DERSI BOÝUNÇA ILKINJI GEZEK INTERNET BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

03-05-23

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2009-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň «Bilim hakynda Kanuny» kabul edildi we bilim ulgamynyň berk hukuk binýady döredildi. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşde kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär.

Seýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda ähli ugurlar boýunça tejribeli, ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ylmy esaslary döredildi. Bu günki günde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşikleri, ylmy bäsleşiklerdir başga-da birnäçe ýaryşlar yzygider geçirilip, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde abyrsyz işler amala aşyrylýar. Ylaýta-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ajaýyp ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda-da ümmülmez many ýatyr. Çünki biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlara bildirilýän ynam bimöçberdir.

Türkmen halkymyzda “Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňüni” diýen parasatly söz bar. Bu ajaýyp paýhasdan ugur alyp, bilim ulgamyny ösdürmegi iň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde hem kämil bilim almagymyz üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýurdumyzda biz — talyp ýaşlaryň giň gözýetimli, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýesi bolup ýetişmegimiz üçin döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýär. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak döwletimiziň bilim syýasatynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ilkinji gezek logistika dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.

Internet bäsleşigi 10 sany ýokary okuw mekdebinden 81 talybyň gatnaşmagynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gatnaşdy.

Internet bäsleşiginde talyplar ýokary netijeler görkezip, degişlilikde baýrakly orunlaryň 30-syna — 7-si birinji, 10-sy ikinji, 13-si üçünji orna mynasyp boldular.

Ýokary okuw mekdebimizden talyp deň-duşlarymyz Nazar Seýidow I orna, Şasoltan Rustamowa II orna; Medine Seýidowa III orna mynasyp boldular.

Bu internet ders bäsleşiginde ýokary netijeleri gazanmagymyzda institutymyzyň  Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymlarynyň çekýän irginsiz zähmeti aýratyn bellärliklidir. Talyp deň-duşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzyň  abraýyna goşant goşmak, halal zähmet çekip, ilhalar, kämil ynsanlar bolup ýetişmek biz — ýaşlaryň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Talyp ýaşlarymyzyň geljekde hem şular ýaly ýeňişli menzillerde iň öňdäki orunlara mynasyp bolmagyny arzuw edýäris.

Meýlis GOÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.