MILLI ULAG ULGAMYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR
20-12-21
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda alyp barýan tutumly işleri mähriban halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Türkmenistan Watanymyz ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek bilen, geljek üçin ösüşiň tapgyrlaryny ynamly meýilleşdirýär.
Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen Türkmenistanyň bäsleşige ukyply ykdysadyýetini kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary durmuş derejesine çykarmagyň strategik ýoly bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz ählumumy abadançylygyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinmek bilen, sebitleýin we ählumumy oňyn ýagdaýlaryň iş jeňleşdirilmegine, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoş niýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ýörelgeleri daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistan milli we ählumumy halkara bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýän syýasaty ýöredýär.
Ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar, hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalar daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde, söwda, medeni we beýleki gatnaşyklary giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Bu ulgam goňşy döwletler bilen iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Geografiki taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Türkmenistanda ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugra esasy ýardam etjek awtoulag ýollarynyň, köprüleriň, ýol aýrytlaryň gurluşyklary güýçli depginler bilen amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli ýörelgesi, «Açyk gapylar» syýasaty esasynda mähriban Watanymyzyň XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmäge goşýan goşandy sebitiň ýurtlaryny durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýar. Ýurdumyz ulag-kommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary, şol sanda sebit hem-de halkara ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak bilen, ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.Bu awtobanyň gurulmagy ýolagçylaryň gatnawyny ep-esli gowulandyrar, hereketiň çaltlygyny artdyrar, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer, halk hojalygy üçin ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmaga ýardam eder. Olar ýükleriň ulag arkalygoňşy döwletlere çalt ýetirilmegine hem kömek eder.
Geljekde Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat - Türkmenbaşy awtoban ynasepleşmegi ýük ulaglarynyň Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaklaryna mümkinçilik döreder.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi awtoulag, demir ýol, deňiz, derýa hem-de howa ýollary ulgamlaryny utgaşdyrýan bir bitewi ulag ulgamyny emele getirmekde möhüm ädim bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, logistik merkezleriniň we deňiz portlarynyň, halkara howa menzilleriniň işiniň utgaşdyrylmagy sebitara hem-de halkara derejede ykdysady taýdan ösüşi gazanmaga ýardam edýär.
Biz ― ulag pudagynyň ýaş hünärmenleri şeýle iri halkara transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, maksatlary myrat tapsyn! Arkadag Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni
Abuna tassyklaýyş kody: 78390
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.