Aşgabatda käbir awtobus ugurlaryna üýtgeşmeler girizilýär
19-12-21
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw” hem-de 17-nji «Awtokombinat – Awtomenzil» ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryna üýtgeşmeler girizilýändigini habar berdi.
5-nji “Teke bazar – Arzuw” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe –A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – N. Andalyp köçe – A. Berdiýew köçe – T. Suhanlyýew köçe – H. A. Ýasawy köçe – B. Annanow köçe – G. Kulyýew köçe bilen hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyndan yzyna G. Kulyýew köçe – B. Annanow köçe – H. A. Ýasawy köçe – T. Suhanlyýew köçe – A. Berdiýew köçe – N. Andalyp köçe – Görogly köçe – A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
17-nji «Awtokombinat-Awtomenzil» ugur boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar A.Nyýazow şaýoly – A.Garlyýew köçe –Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly – O.Annaýew köçe – Arçabil aýlaw ýoly bilen hereket edip, «Awtomenzil» belleniş nokadyndan yzyna Arçabil aýlaw ýoly – O.Annaýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – Andalyp köçe – G.Bäşşiýew köçe – Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçe – A.Garlyýew köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.