DÖWRE MYNASYP HÜNÄRMENLER

18-12-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň bilim we ylym binýady barha pugtalandyrylýar. Okuw, terbiýeçilik we ylym maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň binýadyna dünýäniň iň döwrebap tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesle bilim bermegiň we hünär öwretmegiň hil derejesini ýokarlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegine deňelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet, mynasyp hünärmen bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleri ylma teşne, döredijilige höwesek ýaşlary kemala getirýär.  Döwletiň dürli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ylma daýananda, olaryň köki has çuňluklara ornaýar. Şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz ylmy açyşlarda ýaş alymlaryň paýynyň bolmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döredip berýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesliň ylmy gözleglerini höweslendirmek hem-de goldamak, ylmy başlangyçlaryny ösdürmek, tejribesini ýokarlandyrmak, saýlap alan hünärleri boýunça bilim almagyny we halkara derejeli bäsleşiklere gatnaşmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýoluny alyp barmak ugrunda döredilýän şertleri muňa mysal hökmünde görkezip bolar.

Şol sanda ulag-kommunikasiýa pudagyň işini has netijeli guramak, ýükleriň möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak ugrunda öňde goýlan wajyp wezipeler ýokary derejeli we ussat hünärmenleri talap edýär. Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary insitutymyzda  hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Bilim ojagymyzda ulag ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramak boýunça  talyplaryň ylym we bilim derejesi artdyrylýar. Olara okuw sapaklarynda ylmy tejribe we nazaryýet arkaly giňişleýin düşünje berilýär.Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmagyna, şolar esasynda önümçiligi alyp barmagyna şert döredýär.

Biz mugallymlara okatmaga, çuňňur bilim bermäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ähli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Atamyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika  kafedrasynyň öwrenji mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 60214

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.