ÝURDUMYZYŇ ULAG-ÜSTAŞYR KUWWATLYGY
16-12-21

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ulag-üstaşyr kuwwatlyklary dünýä nusgalyk derejede ösdürilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitde iri ulag-logistika merkezine öwrülmek ýolunda ynamly binýat bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, ol dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi.
Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmäge onuň uly mümkinçilikleri bar. Hazar deňziniň ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýewraziýa yklymynda iri ulag çatrygy hökmünde ornunyň barha ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, Türkmenistan Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň arasynda ulag üstaşyr ugurlaryny döretmegi teklip edýär. Çäginden asyrlar boýy Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistan bu taryhy ýoly täze röwüşde dikeltmek, özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.
Mähriban Arkadagymyzyň üstünlikli alyp barýan ulag-üstaşyr diplomatiýasynyň netijesinde, ýurdumyzda barha ösýän ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň aýrylmaz bölegi hem bu ugurda ornaşdyrylýan sanly dolandyryş ulgamydyr. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzdan üstaşyr geçýän howa, demir ýol, awtomobil ulaglarynyň hereketini, ýolagçylary, ýükleri takyk hasaba almaga, ulaglaryň hereketlerini sazlamaga, hasabatlylygy dogry berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde döwletimiziň ulag-üstaşyr syýasatyny amala aşyrýan her bir ministrligiň,agentligiň özüniň elektron saýtynyň döredilendigi aýratyn bellenilmäge mynasyp ýagdaýdyr.Munuň özi ýolagçylaryň ulaglaryň dürli görnüşleri üçin ýol peteklerini edinmekleri üçin wagtyny sarp etmezligi üçin sanly ulgam arkaly elektron ýol peteklerini sargyt etmäge we munuň üçin sanly ulgamyň berýän mümkinçilikleri esasynda elektron tölegleri amala aşyrmaga giň şertleri döredýär.
Häzirki döwürde mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Aziýa halkara demir ýolunyň möhüm bölegi bolan Kerki— Ymamnazar —Akina demir ýol şahasynyň, şeýle hem Serhetabat — Turgundy täze demir ýol ugrunyň Türkmenistanyň tagallalary esasynda gurlup ulanylmaga berilmegi deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hatarynda durýan doganlyk Owganystan Yslam Respublikasynyň öz harytlaryny Türkmenistanyň çäginden Hazar deňziniň kenarlaryna ýetirmegine we ondan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we şol ýerlerden Ýewropanyň dürli ýurtlaryna çykarmaga mümkinçilik döredi. Bu ugra taryhda Lapis-Lazuli diýip at berlipdir. Häzirki wagtda ady agzalan bäş döwletiň gatnaşmagynda, bu taryhy ýol häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, täzeden dikledilýär.
Hormatly Prezidentimiziò baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sebitde we dünýäde alyp barýan şular ýaly ynsanperwer başlangyçlara esaslanýan döwletli işleri örän kändir.
Milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulag-logistika ulgamynyň kuwwatlygyny yklymda ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar.Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Abuna tassyklaýyş kody: 78390

Geljegiň nawigasion ulgamy
Rocket Lab kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen täze pes orbitadaky LEO-PNT nawigasion ulgamy üçin iki sany kiçi hemrany uçurmak barada şertnama baglaşandygyny yglan etdi.

Brýusselde Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini Türkmenistanda döretmek barada Ähtnama gol çekildi
2025-nji ýylyň 26–28-nji iýun aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň 145–146-njy mejlisleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.

Arkadag şäheriniň şanyna
29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.