Türkmenistan we Bütindünýä söwda guramasy: ýurdumyzyň halkara ykdysady derejesine berilýän baha

16-12-21

Bütindünýä söwda guramasy — halkara ykdysady gurama bolmak bilen, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriniň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda syýasy gatnaşyklary sazlamak maksady bilen döredildi. Bütindünýä söwda guramasy 1947-nji ýylda döredilip 50 ýyla golaý wagtyň dowamynda halkara söwdany sazlamakda işleri alyp baran söwda we tarifler baradaky Baş ylalaşygy (GATT) guramasynyň ornuny çalyşan edaradyr. Häzirki wagtda onuň 164 sany agzasy bardyr. Şolardan 160-sy halkara derejeli ykrar edilen döwletler, Taýwan (döwlet hökmünde halkara derejesinde doly ykrar edilmedik), 2-si garaşly territoriýalar  (Gonkong we Makao) we Ýewropa Bileleşigidir. Uzaga çeken gepleşiklerden soň 2012-nji ýylda Russiýa Federasiýasy hem bu guramanyň agzalygyna kabul edildi.

Bu guramanyň esasy maksady gümrük päsgelçilikleri aradan aýyrmak, halkara söwdasyndaky kemsitmäniň ähli görnüşini ýok etmek, söwda düzgünlerini kämilleşdirmek arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň liberalaşdyrylmagyna ýardam bermek bolup durýar.

Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň  4/5 bölegi  şu guramanyň düzgünnamasy  esasynda  amala  aşyrylýar. Köptaraplaýyn ylalaşyklar bilen baglanşykly köptaraplaýyn dolandyryş işlerini alyp barmak, halkara söwdanyň ýagdaýlaryna gözegçilik etmeklik we bu ugurda maslahatlary bermek, köptaraplaýyn söwda gepleşiklerini amala aşyrmaklykda forumyň wezipesini ýerine ýetirmek, halkara söwda ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmekigiň bir bütewi ulgamyny döretmek we global derejedäki söwda syýasatyna täsir etmeklikde beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlik etmeklik bu guramasynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Bütindüňýä söwda guramasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde bolsa, has artyk amatlyklar düzgüni esasynda söwdany kemsitmesiz amala aşyrmak,  bazarlara girmekde giňeldilen mümkinçilikleri döretmek, bäsleşige goldaw bermek we adalatly bäşleşigiň esasynda halkara söwdasyny ösdürmek, gümrük töleglerden goraglylygy üpjün etmek, ykdysady özgertmelere ýardam bermek, gümrük paçlaryny bellemek arkaly milli haryt öndürijileri goramak, düzgünleşdirmegiň tarif däl serişdelerinden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek, gümrük tarifleriniň derejesini peseltmek, söwda meselesini sazlamak maksady bilen gatnaşyjy ýurtlara maslahatlar bermek we ösüp gelýän ýurtlar üçin ýeňilikli düzgün döretmek ýaly işleri görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarymyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen birnäçe döwletlerde eýýäm Türkmenistanyň söwda wekilhanalary açyldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlaryndaky wekilhanalarynda hereket etjek täze söwda-attaşe wezipesi hem girizildi. Bu zatlaryň ählisi Türkmenistanyň daşary strategiýasynda söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidigine güwä geçýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan döwletimiz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýar.

Şu ýerde ýene bir zady ýatlap geçmeli ýagny 2011-nji ýylyň 14-15-nji ýanwary aralygynda Ýewropa Komissiýasynyň şol wagtky Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň resmi sapar bilen ilkinji gezek Türkmenistanda bolmagy, şeýle hem saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň hormatly Prezidentimiz bilen duşuşyp, Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna girmek üçin ýüz tutma bermäge çagyrandygyny aýratyn nygtap geçmek gerek. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy şonda: «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi sebitleýin hem-de dünýä möçberli söwdada Türkmenistanyň paýyny artdyrýar» diýip belläpdi. Dünýäde ösen we kämilleşýän integrasion birleşik hasaplanýan Ýewropa Bileleşigi Bütindünýä söwda guramasynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär, sebäbi munuň özi uzak möhletli ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň şeýle abraýly halkara ykdysady guramasyna Türkmenistanyň girmekligi baradaky ýüz tutma bermäge çagyrmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki durmuş-ykdysady ösüşine dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Çünki dünýä ýurtlary häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan  2020-nji  ýylyň  iýul  aýynda  BSG-na  synçy  döwlet  hökmünde  girdi. 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolsa Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy üçin arza berildi. Arza Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala tarapyndan kabul edildi.

Umuman, Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä söwda guramasyna girmeklik üçin ähli şertler hem mümkinçilikler bardyr. Türkmenistan döwletimiz  hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly ykdysady syýasatynyň netijesinde dünýä hojalygynyň maddy esasyny düzýän halkara zähmet bölünişigine ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli taýýar önümler bilen girmegini has-da çuňlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýobaşçylarynyň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmakda tutuş halkymyz bolup agzybir, Watanymyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna zähmet çekmelidiris.

Hormatly  Prezidentimiz   tarapyndan  öňe sürülýän başlangyçlar, dünýä ýurtlary, halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn peýdaly  hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe biziň däl eýsem bütin dünýä   halklarynyň parahat, bolelin durmuşyna we bagtly geljegine gönükdirilendir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat  ähmiýetli  işlerinde jany sag,  işleri rowaç,  belent  başy aman bolsun!

                                                                    Sülgün  NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 69460

169bb9d3c5d2ce.jpeg
ÇÄRE GEÇIRILDI

18-nji martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


169bb9a44df57e.jpeg
«Sanly çözgüt – IT meýdança» HJ-de mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.


169bb8be9bfe4e.jpeg
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler.


169bb89eb5a3bb.jpeg
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.


169bb859a266ab.jpeg
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.