Aýdym-saz barada

11-05-25

Aýdym-saz gündelik durmuşyň tozanyny ruhdan aýyrýar.
Aýdym-saz terjime edilmeginiň zerurlygy ýok bolan ýeke-täk dünýä dilidir.

Berthold Auerbach

*  *  *

    Meniň pikirimçe, aýdym-sazda iň möhüm zat hakykatdan gaçmak duýgusydyr. 

Thom Yorke

*  *  *

Saz, paýhasdan we pelsepeden has ýokary ylhamdyr.

Bethoven

*  *  *

Söz we hereket, haçanda  olary aýdym-saz ganatlaryna alanda gaty möhüm bolýar.

Anatoliý Wasiliýewiç Lunaçarskiý

*  *  *

Beden saglygy akyl saglygyndan gelýär. Dogry saz nerwleri köşeşdirip dynç almaga kömek edýär we munuň üsti bilen bolsa akyl rahatlygy çykýar.

Şri Ganapati

*  *  *

Saz dünýädäki iň beýik sungatdyr.

Aýdym-sazyň täsiri astynda aslynda duýmaýan zadymy duýýan, düşünmeýän zadymy düşünýän, edip bilmeýän zadymy edip bilýän ýaly duýýaryn ...  

Lew Nikolaýewiç Tolstoý

*  *  *

Ajaýyp saz sungatyny söýüň we öwreniň. Size ýokary duýgularyň, hyjuwlaryň, pikirleriň tutuş dünýäsini açar. Ruhy taýdan baýlaşdyrar. Aýdym-sazyň kömegi bilen ozal özüňize näbelli täze güýçleri taparsyňyz. Durmuşy täze äheňlerde we reňklerde görersiňiz.

D. Şostakowiç

Ogulnabat SARYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň "Sazyň taryhy we nazaryýeti" bölüminiň mugallymy.

1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.