Poçta hyzmatlarynyň kanunçylyk binýady tehnologiýa döwri esasynda diwersifikasiýalaşdyrylýar
16-12-21
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda «Ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmeli» diýip beren anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, ýakynda «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kesgitleýän kanunçylyk namalary girizildi.
Türkmenistanyň «Poçta aragatnaşygy hakynda» kanuny poçta ulgamynyň hyzmatlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bilen poçta aragatnaşygy çygrynda işiň hukuk esasyny belleýän, şeýle hem poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň hem-de poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny kesgitleýän kadalarynyň jemidir.
Kanunda peýdalanyjylaryň esasy hukuklary we borçlary giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem ýerine ýetirilýän köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary, ýagny tizleşdirilen we çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary, poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhnamalary, poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginde ibermegiň we eltip bermegiň möhletleri anyk bellenip geçilýär.
Kanunda häzirki sanly tehnologiýalar döwründe Bütindünýä poçta birleşiginiň düzgünlerine laýyklykda, dünýä ýurtlaryna çaltlandyrylan poçta iberme hyzmatlary, möhüm resminamalary sargyt boýunça çalt gowşurmaklyk hyzmatlary ýokary hilli hyzmat etmek arkaly gysga wagtyň içinde amala aşyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilen ugurlar görkezilýär.
Elektron habar — telekommunikasiýa ulgamy, internet tory ýa-da elektron göterijini ulanmak arkaly elektron görnüşde iberilýän maglumatlaryň binýadyny kämilleşdirmek, daşamak, eltip bermek we gowşurmak arkaly poçta ugratmalaryny alyjynyň poçta ugratmasyny alandygy barada habarnamanyň operator tarapyndan ugradylmagy kagyz göterijide ýa-da elektron habar görnüşinde amala aşyrylmagyň döwrebap ýerine ýetirilişi kesgitlenilýär.
Kanunda poçta howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky kadalar we operatorlara eltip bermek üçin berlen neşir önümleriniň abat saklanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň toplumy hem göz öňünde tutulýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe poçta hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylan we ýönekeýleşdirilen görnüşlerini ornaşdyrmak we müşderiler üçin poçta hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleriniň esasy wezipesi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde poçta ulgamynyň kanunçylyk binýady ýurdumyzyň parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk syýasyny has-da dabaralandyrar.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.