IPTV hyzmatynyň gerimi barha giňeýär

14-12-21

2021-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, “Belet Film” hyzmaty IPTV ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Bu barada “Belet Film” hyzmatynyň saýtynda habar berilýär. Bu hyzmat ozal diňe “Türkmentelekom” kärhanasynyň abonentleri üçin elýeterdi.

IPTV ulanyjylar AŞTU kärhanasynyň bölümlerinde bu hyzmaty birikdirip bilerler. Bu hyzmata birikmek üçin programmany gurnamak mümkinçiligi bolan "Android" telewizorlaryň ýa-da "Android" enjamlaryň (wersiýasy Android 5.1 ýa-da ýokary) bolmagy zerurdyr.

“JAN Tehnologiýa” hojalyk jemgyýetiniň “Belet Film” hyzmaty filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn-kinoteatrdyr.

Bellenilişi ýaly, abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manatdyr. “Belet Film” hyzmatynyň abunalygy birlikde ýa-da tutuş maşgala bilen ulanylyp bilner.

Hyzmat "Android" we iOS platformalarynda hem elýeterlidir. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan. Şeýle hem, müşderiler halan filmlerini we seriallaryny mobil enjamlara ýükläp alyp bilerler.

“Belet Film” platformasy 10 müňe golaý filmlerdir-seriallary hem-de multfilmleri özünde jemleýär. Platfroma her gün täze kontentler bilen doldurylýar.

Sorag ýüze çykan ýagdaýlarynda tehniki goldaw merkezine +993(61)392241+993(12)750208 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bolar.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.