Türkmenistan bilen YHG-nyň ykdysadyýeti ösdürmekdäki başlangyçlary

14-12-21

"Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylynyň, hemmämize belli bolşy ýaly, noýabr aýynyň 28-ne gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” otelinde geçirildi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Mälim bolşy ýaly, YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin  şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy. YHG 1985-nji ýylda Merkezi Aziýa Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilip, ol 1977-nji ýylyň 12-nji martynda Eýran, Pakistan, Türkiýe döwletleriniň wekilleri tarapyndan gol çekilen Izmir şertnamasynyň düzgünnamasy esasynda  hereket edýär. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşandyny goşup, YHG-na girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň dowamynda gurama agza döwletleriň ählisiniň hyzmatdaşlyk we ýakyndan özara gatnaşyklar ýoly bilen mundan beýläk-de gyşarnyksyz öňe gitmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, ynsanperwerlik ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklaryny hem-de örän uly isleg bildirýändiklerini aýtdy. Duşuşykda köp sanly teklipler, peýdaly garaýyşlar we baha bermeler beýan edildi. Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy YHG-nyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezýär. Onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryň iri we täsirli düzüm bölegi hökmünde häzirki zaman dünýä we yklym işlerine işjeň, netijeli gatnaşmaga ukyplydygyny subut etdi, durnuklylygy we özara düşünişmegi berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge we öňe gitmäge ýardam etmäge ukyplydygyny belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yzygiderli berkidilmeginiň, onuň ykdysady kuwwatynyň, logistik mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň, senagat kooperasiýasynyň netijeli usullarynyň emele getirilmeginiň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň, bu ugurdaky ähli tagallalaryň ýurtlarymyzyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýändigini, ykdysady we durmuş ösüşiniň maksatlaryna, adamlaryň durmuşynyň hilini hem-de derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyň subutnamasydyr.

Sammitiň dowamynda howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan gurallardan peýdalanmak, hususan-da, ekologik taýdan arassa energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda gurallary ulanmak arkaly YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda, soňky döwürde kabul edilen halkara resminamalar arkaly bu gurallar güýçlendiriler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmek ulgamynda tejribe, usullary we işläp taýýarlamalary alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny  diýip  bellep geçdi.

Şu günki günde YHG abraýly halkara ykdysady düzüm bolmak bilen, dünýäde giň ykrarnama eýe bolandyr we nobatdaky duşyşyk onuň agza – döwletleriniň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has hem ösdürmäge, geljekki döwür üçin bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda erkin ýaşamagy üçin amala aşyrylýan beýik işleri ýollarymyza şamçyragdyr. Goý mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

Gunça ÇARYÝEWA, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýarlar institutynyň mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 161b070b680605

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.