“AŞTU” ÝGPJ täze resmi web saýtyny işe girizdi
08-12-21
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti sanly platformalary täzelemegiň çäklerinde täzelenen resmi web sahypasyny tanyşdyrdy.
Bu üýtgeşmeler interfeýsiň dizaýny bilen baglanyşykly. Sahypanyň ähli bölümleri maglumatlary görkezmek üçin birmeňzeş standartlara laýyklykda gurnalypdyr. Saýtyň beýleki ähli serwisleri öňki tertipde işleýär.
Mälim bolşy ýaly, AŞTU-nyň resmi sahypasynda her bir abonentiň “Şahsy otaga” girip, internetiň, şäheriçi telefonyň, IPTV-niň balansyny görmek mümkinçiligi bardyr. Şeýle hem bu hyzmatlar üçin bank kartlary arkaly onlaýn töleg tölemek mümkindir. Saýtyň esasy sahypasynda “Altyn Asyr”, “MasterCard” we “VISA” töleg ulgamynyň bank kartalaryny ulanyp, şahsy hasabyň balansyny doldurmak üçin widjet hem ýerleşdirilen.
Resmi web saýtyň ykjam we desktop enjamlary üçin niýetlenen görnüşlerine hem üýtgetmeler girizildi. Netijede, indi resmi saýt ykjam enjamlarda has tiz işlär.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.