Sagdyn iýmitlenmek - bagtyýar durmuş

23-02-26

Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.

Ýylyň ähli paslynda sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Ak bazarlardan we söwda merkezlerinden satyn alynýan iýmit önümleriniň belgileniş nyşanyna we saklanyş usulyna hökman üns bermeli. Satyn alnyp öýe getirilen iýmit önümlerini sowadyjyda saklamaly. Gök önümleri we miweleri akar suwuň aşagynda gowy edip ýuwanyňdan soňra, sowadyja ýerleşdirmeli. Tagamlary gerekli mukdarda taýýarlamaly. Aşa köp taýýarlap, olary birnäçe gün sowadyjyda saklap iýmäge ýol bermeli däl. Işdäaçarlar ter gök önümlerden we miwelerden ösümlik ýagy goşulyp taýýarlanmaly.

Şöhlat önümleri we maýonez goşulan we gaplanan duzly tagamlary yzygiderli iýmekden saklanmaly. Gazlandyrylan süýjüli içgileri gapagy açylandan soňra uzak saklaman içmeli. Yssy ýerden gelen badyňa sowadyjydan sowuk suw alyp içmeli däl. Tagamy artykmaç iýip, ýüzin ýatmaly däl. Günüň dowamynda azyndan 5-6 sany gök önüm we miwe iýmeli hem-de kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyna üns bermeli.

Gök we miwe önümleri iýlende, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň hem-de ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berk berjaý etmeli. Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Gan basyşyny we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl.

Öz agramyny kadaly ýagdaýda saklamak barada alada edýän adamlaryň aglabasynda şeýle sowal ýüze çykan bolsa gerek: Nähili çäre görse gowy bolar — berk berhiz saklamalymy ýa-da dogry iýmitlenmek ýörelgelerine salgylanmaly? Köpler üçin bu çäreleriň ikisem şol bir zat ýaly, emma, aslynda bu beýle däldir. Olaryň hersi özbaşyna bir ýörelgedir.

Berhiz — köplenç halatda iýmitleniş tertibiňi çäklendirmekdir. Bu babatda hatda has berk talaplary bolmadyk berhiz hem witaminleriň hem-de mikroelementleriň ýetmezçiligine getirip biljek miwelerden özüňi saklamagy talap edýär. Käbir berhizler bolsa beloklaryň, uglewodlaryň, şeýle-de adamyň saglygy üçin has wajyp bolan elementlere eýe bolan önümleri (et, däneler, käbir bakja we miwe önümleri…) çäklendirýär ýa-da olary dolulygyna gadagan edýär.

Berhizler, adatça, belli bir netijäni gazanmakda belli bir wagt üçin täsirli, ýagny horlanmak, çylşyrymly operasiýalardan soň ýagdaýyňy kadalaşdyrmak ýa-da bejerginiň bir bölegi hökmünde, mysal üçin aşgazan ýarasy ýa-da gastrit üçin täsir edýär. Hemişe berhiz saklamak, adatça, käbir iýmitleriň ulanylmagynda ýagdaýy ýaramazlaşyp biljek agyr hroniki keselleri bolan adamlar, mysal üçin, süýji keseli ýa-da aşgazan-içege ulgamynda uly göwrümli operasiýalary geçiren adamlar üçin mahsus bolýar. Biz bolsa hemişe iýmitiň berk çäklendirilmegini talap etmeýän ýagdaý, umuman sagdyn adamlar dogrusynda gürrüň edýäris.

Sagdyn adam üçin berhiz tutmak hemişe çäklidir — bu üç günden bir aýa çenli aralykda bolup biler. Mono-berhizler (berhiz bir önümi içine alanda) üç günden köp bolmaly däldir. Soňra zerur witaminleriň we minerallaryň ýiti ýetmezçiligine ýa-da agramyň pese düşmegine sebäp bolmazlygy üçin iru-giç berhizden el çekmeli bolýar. Berhiziň esasynda gazanylan netijäni saklamak üçinem dogry ýa-da kadaly iýmitlenmek ýardam edýär.

Kadaly iýmitlenmek — bu çäklendirmelere däl-de, dürli hili iýmitlere esaslanýan düzgünleriň bir görnüşidir. Dogry iýmitlenmek käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Mysal üçin, bu ýagdaýda kömelek bilen gowrulan ýeralmany ýa-da kremli torty halaýan adam bu iýmitlerden doly ýüz öwürmeli bolmaz, ol diňe degişli iýmitleri iýmegini çäklendirer.

Dogry iýmitlenmek ýörelgelerine eýerýän adamyň iýmiti häzirki zaman adamsyna tanyş bolan önümleriň ähli görnüşlerinden — etden (köplenç halatda «ak» - towuk, hindi towugy), dänelerden, deňiz we derýa balyklaryndan, hoz we guradylan önümlerden, miwelerden, az ýagly süýt we turşy süýt önümlerinden, möwsümleýin miwelerden we gök önümlerden, uglewodlary çäkli mukdarda bolan önümlerden (şeker, ak undan bişirilen önümler, gazlandyrylan içgiler…) we haýwanlaryň ýaglary bolan önümlerden ybaratdyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň sagdyn durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Jora MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.