TÜRKMEN MILLI SAÇAGY - MYHMANSÖÝERLIGIŇ NYŞANY

25-04-23

Türkmen halkymyzyň milli tagamlary, beýleki halklaryň naz-nygmatlary ýaly, öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar, dürli-dürliligi we özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Biziň günlerimize ýetip gelen gadymy rowaýatlarda türkmen şalarynyň, harby serkerdeleriň bereketli saçaklaryň başynda öz ýeňişlerini belleýişleri, daşary ýurtly ilçileriň desterhanlardaky azyk önümleriniň köplügine haýran galyşlary, olaryň ähli adamlary sahylyk bilen tagam datmaga çagyryşlary hakynda örän köp aýdylýar. Adatça, üstünlik bilen tamamlanan möhüm işler, halk baýramçylygynyň dessurlary, maşgalanyň şanly wakalary we dabaralary hem saçak başynda giňden bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby türkmen aşhanasynyň muşdaklarynyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmeniň datly tagamlary taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar, olar uzak ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, adamyň sagdynlygyna, iýmit siňdirijiligine, ýokumlylyga, ýakymlylyga, süýjülige gönükdirilendir. Kitap okyjylary diňe bir türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrman, eýsem, onuň taýýarlanyş usullaryny hem has aýdyňlaşdyrýar. Azyk-owkat diňe bir naharlanmak däl-de, medeni durmuşyň, özüňi alyp barmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we myhmansöýerligiň möhüm dessury bolupdyr. Häzirki döwürde guralýan milli aşhana bilen tanyşdyryş çäreleri daşary ýurtly syýahatçylara türkmen halkynyň dünýäsine içgin aralaşmaga, biziň ýurdumyzyň medeniýeti barada has köp bilmäge, halkyň däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Dünýäniň ähli medeni ulgamlarynda bolşy ýaly, türkmen halkynyň aşhana däpleri biri-biri bilen baglanyşykly iki şertiň netijesidir. Olaryň biri ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşişi hem-de halkyň baý taryhydyr.

Türkmen milli aşhanasy köp müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelipdir. Şu geçen döwürde ol birnäçe goňşy halklaryň däplerini özünde jemläpdir we baý tejribeleri hem-de ýörelgeleri bilen beýleki halklaryň arasynda tejribe alşypdyr, aşhana sungatynyň syrlaryny äşgär edipdir. Ýöne, näme-de bolsa, türkmen aşhanasy adamzat döräli emele gelen asylly däplerine wepaly bolupdyr. Şol ýörelgeler häzirki döwürde hem mukaddes saklanylýar. Tebigat türkmen halkyna her bir ösümlige, her bir ir-iýmişe ýa-da dänelere gadyr goýmagy öwredipdir. Dag ýa-da çöl ösümlikleri, olaryň özboluşly ýakymlylygy birnäçe naharlara özboluşly tagam beripdir. Türkmen toýlarynda we baýramçylyklarynda işjeň taýýarlanylýan tagamlardan başga-da, häzirki döwürde nahar taýýarlamagyň usullary täzeden dikeldilýär. Şeýle hem däp bolan usullar bilen täze ýörelgeleriň utgaşmagynda özboluşly täze tagam döreýär.

Türkmen milli aşhanasy özünde ýüzlerçe görnüşli tagamlary jemleýär. Olar iň talapkär adamlary hem haýrana goýýar. Munuň özi döwrüň synagyndan geçen oýlanyşykly iýmit ulgamydyr. Munuň özi ajaýyp tehnologik usullar bilen tagam sazlaşygyny utgaşdyrýan gollanmadyr. Milli aşhana däpleri mirasymyzyň ajaýyp bölegi bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Nahar taýýarlamagyň gadymy usullaryna ussat aşpezler häzirki zaman azyk tehnologiýalaryny ussatlyk bilen ele alyp, taýýarlanan tagamy hödür etmegiň tärlerini hem belent derejelere göterdiler. Tagamly naharlar dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, birleşmeleri berkitmegiň, kähalatda bolsa ynsanyň kalbyna aralaşmagyň baş serişdesi bolupdyr. Bu babatda türkmen aşhanasynyň ägirt uly mümkinçilikleri bardyr. Myhmanlara iň tagamly owkatlaryň üsti bilen halkyň ajaýyp däplerine aralaşmaga mümkinçilik berýär. Çünki, türkmen milli tagamlary munuň özi abadançylygyň, hoşniýetliligiň, parahatçylygyň we ylalaşygyň özboluşly nyşanydyr.

Gülnabat KÖMEKOWA, 
«Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň bughalteri.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.