«ÝOLA GERIM GEREK, ÝIGIDE – DOST»

30-11-21

Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Dostluk asylly häsiýetleriň jemidir» diýip jaýdar belleýär. (sah-167). Eziz Arkadagymyzyň dostluk hakdaky taglymatyndan ugur alnyp, gürrüň açjak şu wakalarymyz hem ata-babalarymyza mahsus bolan dost-doganlyk hakynda, mähriban okyjy.

 

TERKEÇ

Ir zamanlar türkmen topragyna duşman aralaşypdyr. Dabyrdaşyp gelen atlylaryň ilki ýörän ýoly çarwada mal yzynda gezip ýören çopan goşunyň üstünden düşüpdir. Çopan parahat adam bolansoň atlylardan hat-da tisgineýinem diýmändir. Duşmanlar bu ýagdaýa haýran bolup gele-gelmäne onuň üst-başyny synlap, elinde-bilinde ýaragynyň bardygyny-ýokdugyny anyklamakçy bolupdyrlar.

Gelenleriň içinde ýeser gözli biri bar eken. Birden onuň gözi çopanyň biline guşak edip daňan ýasy gaýyşyndaky goşa ýumruk ýaly bolup duran zada düşüp, onuň ýaragdygyna howatyr edipdir. Ýöne gaýyşyň ortarasynyň tegelekden güberilip durşy ony pikire batyransoň durup bilmän çopana ýüzlenipdir:

–  Ýeri çarwa, çöl-beýewanda eke gezip, daşdan-içden howatyr edeňokmy? 

Çopan parahat jogap beripdir.

– Howatyr edere zat ýok. Göwnümizde zat bolmansoň arkaýyn gezip ýörüs.

– Onda biliňdäki ýaragdanyň näme?...

–  Bu ýaragdan däl. Hany, düşläň, duz-çörek dadyň, muň hikmetine soň göz ýetirersiňiz.

Barybir duşmanlar ýasy gaýyşy gözden salmandyrlar.

Çopan olara duz-çörek bermek üçin biline el ýetirip, onuň güberip duran ýerinden ak käsäni çykaryp, çaý hödürlemekçi bolupdyr.

 –  Muňa terkeç diýilýär – käsegap. Bu ýerlerde aw-saw bolaýmasa, howatyr edip ýarag göterilmeýär. Bu taýlara gylyç syryp däl-de, akyl sorap gelmeli... 

Urşujylar bu sözüň täsiri bilen aklyna aýlanyp, gylyjyny gynyna salypdyrlar.   Şeýdip, gelen duşman dosta öwrülip, hoşniýetlilik bilen yzyna dolanypdyr.

 

KERWEN ÝOLUNDA

Argyşçylar baldyra agram, bile syrdamlyk berýän kerwen ýoluna düşüpdiler. Ýol uzak. Gum depeleriniň arasyndan gidip barşyňa torgaý guşlaryň owazyna diň salyp, mör-möňekleriň geň-enaýy hereketlerini synlap gitmegiňem özboluşly lezzeti bardy.

Bu sapar kerwene mergenlerem göwünjeň goşulypdylar. Hemme zady üns merkezinde saklaýan kerwenbaşy olara “Hammalçaňyzy eýere bagladyňyzmy?” diýip sorapdy.

Hammalça – towşan-tomur salynýan torbady. Oňa “Pygamber torbasy” hem diýilýärdi. Awçylar ony bireýýän eýere baglapdylar. Uzak ýolda aw alkyma gelýänçä käte oňa ýol goşlarynyň salynýan wagtlary-da bolýardy. 

Kerweniň Gyrala ýaýlasyndan aşak inenem şoldy welin, olara garaşylmadyk ýagdaýda birnäçe adamdan ybarat atlylar duşdy. Bu ahwal birbada kerwençileri düýrekdirdi. Olar “Ygyp-sogup ýörenlermikä?..” diýip pikir öwürdiler. Ýöne atlylaryň hormat edip salam bermegi olary bu pikirinden dänderdi.

–  Ugur nirädir, agalar?  

–  Argyşa – Hywa.

– Hä, biziň ile diýseňizle. Bizem siziň iliňize barýardyk.

– Bolubilýä, ýol haýyrly bolsun.

– Şeý diýiň. Biz sizi alamana ýöräp, ýow gaýtaryp ýörensiňiz öýtdük.

– Türkmenler hatda goşun tartyp gelen duşana-da uruş gözi bilen däl, dostluk garaýyşy bilen garaýarlar.

– Sag bol, agam. Bizem şu pikirdedik. Hezreti Magtymguly şahyryňyz:

 

Ýagşy gylyk duşmanyňny dost eýlär, 

Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar – diýmeýärmi näme... 

– Hawa iniler, ol şeýledir.

– Çöl-beýewanda didara sataşmagam bir gowy zat.

– Hawa, dogry aýdýarsyňyz. Ata-babalarymyz: “Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni – Hydyr bil” diýipdirler.

– Rastdyr agalar. “Ýola gerim gerek, ýigide – dost” diýibem aýdylýa. Tanyşlygymyz dost-doganlyga ýazsyn.

– Aýdanyň gelsin.

Goňşy ýurduň adamlary şeý diýip hoşallyk bilen ýola rowana bolýarlar.

 

 

HYWA BAZARYNDA    

Argyşçylar her sapar ilki bilen Hywanyň aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän bazarynyň ýaýlymly-ýaýrawly çaýhanasyna baryp dem-dynç alardylar. 

Bu sapar olar  uly bir sekide bil epenlerinde, aňry ýanlaryndaky sekide daşyna adam bary üýşen bir şahandaz kişiniň aýdýan sözlerine ünsleri çekildi. Şahandaz kişi Nowaýynyň setirlerini labyz bilen aýdyp, töweregindäkilere düşündiriş berýärdi.

– Adamzadyň asly birdir,

Bir-birinden parhyýa,

Biri başa agyrykdyr,

Biri göze totyýa...

– Ynsan öwladynyň asly birdir. Şonuň üçin özüne berlen ömri hemişe hoşniýetlilik bilen geçirmäge çalyşmalydyr. Galla-galmagal ynsanam, onuň ýaşan topragynam abraýdan düşürýändir. Adam bilen adamyň arasyna tow düşmesin, düşse, ony ýaraşdyrjak bolmaga çalyşmalydyr.

Gürläp oturanyň çep tarapkysynyň gürrüňe goşulmagy kerwençileriň ünsüni has-da özüne çekdi.

– Akyl gürrüň aýdýarsyňyz. Ine, biziň şu ýerimizde okap giden türkmen şahyry   Mollanepes:

– Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,

Birisine gep berip, ol birine al berme – diýýär.

– Nähili ýerlikli aýdylan söz!

– Jaýdar aýdypdyr şahyr...

– Türkmenleriň ýagşy gylyk-häsiýeti hemişe özüne gyýa göz bilen garany –  dosta, ýaman maksat bilen ýöräni dogana öwrüp gelipdir. 

Kerwençileriň kalbyny buýsanç duýgulary eýeleýär. Ýogsa-da, gaýry ilde, gaýry ýurtda öz topragyň, öz adamlaryň hakynda hoşamaý sözleri eşitmekden ulam bir zat bolarmy! 

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.

Hormatly awtor, sizden "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetiniň elektron görnüşine abuna bolmagyňyzy haýyş edýäris.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.