DEMIRGAZYK SEBITDE JOŞGUNLY ZÄHMET MÖWÇ ALÝAR

30-11-21

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär.

Türk­me­nis­tan öz geog­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi bo­ýun­ça Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän ulag çatrygy bol­mak bi­len, se­bit­de dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mer­ke­zi­ne öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň binýadynda kuwwatly üstaşyr merkezi döretmek milli Liderimiziň baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ýurdumy­zyň ulaglar inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň esasy we bar­ha kämil­leş­ýän ulgamlary­nyň bi­ri hem demir ýol ulaglary pudagy mil­li ykdysa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuwwatlanma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär.

“Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň Daşoguz ýük ýükleýiş-düşüriş bölüminiň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän gije-güdizki aladalaryny goldap tutanýerli zähmet çekýärler. Bölümiň umumy tutýan meýdany 20 gektara golaý bulup, 2 sany howla bölünýär. 17,6 gektarlyk uly howluda 5 sany demir ýol şahasy gije-gündiziň dowamynda hereket edip, ýükleri kabul etmek, düşürmek hem-de ýüklemek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Edara binalaryny hem öz içinde saklaýan howlynyň çäginde ýükleri saklamak üçin 4000 inedördül metrlik  2 sany ýörite ammarlar halka hyzmat edýär.

Şeýle hem, bu howluda birnäçe görnüşli awtogöterijiler, kranlar we awtokarlar işgärleriň işiniň tiz we amatly ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Howlunyň çägindäki demir ýol şahalary dürli görnüşli ýükleri kabul etmek, ýüklemek hem-de düşürmek üçin niýetlenen bolup, olardan 25 belgili demir ýol şahasynda açyk, ýarym açyk wagonlarda agaç önümleri, demir-beton önümleri, taýýar demir önümleri kran bilen ýüklemek-düşürmek üçin niýetlenendir. 26 belgili demir ýol şahasynda ýapyk wagonlardaky gelýän ýükleri hem-de wagonlara konteýneri ýüklemek-düşürmek üçin kran hyzmatlary ýola goýlandyr. 26 “a” belgili demir ýol şahasy howla gelýän gaplanan ýükleri, hojalyk harytlary, haltaly ýükler we ş.m. awtokar bilen ýüklemek düşürmek hem-de ýükleri ammarlarda saklamak üçin niýetlenendir. 27 belgili ýöriteleşdirilen göterilen demir ýol şahasynda inert önümleri, ýagny çagyl, ýuwulan çäge, gum-çäge, sement we ş.m. önümler kabu edilýär, düşürilýär hem-de peýdalanyjylara ugradylýar. 27 “a” belgili demir ýol şahasynda ýöriteleşdirilen wagonlarda gelýän däneli önümleri düşürmek üçin niýetlenen çekiji elektrodwigatelli mehanizasiýalaşdyrylan enjamlar gurnalandyr. Bu demir ýol şahalarynda ýükler ýüklenilende hem-de düşürilende kran, awtokar, ekskowator, ýük galdyryjy enjamlar we el güýji ulanylýar. Meýdany 2,13 gektara barabar bolan 2-nji howlynyň çäginde ýerleşýän demir ýol şahasynda hem sebitiň halk hojalygyna degişli ýükler, şol sanda inert önümleri, hojalyk harytlary kabul edilýär, düşürilýär hem-de ýüklenilýär. Ýükler ýüklenilende düşürilende ekskowator, ýük galdyryjy enjamlar we el güýji ulanylýar.

Ýük howlularynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän demirýol işgärleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan hasapçy N. Arazgeldiýewany, ýük göteriji R. Sadullaýewi, sürüji P. Gylyjow dagylary aýratyn belläp geçmek bolar. Ýük howlularynyň tejribeli demir ýol işgärleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren bagtyýarlyk eýýamynda geçien şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetirilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlarymyzyň mynasyp eşretli durmuşy üçin alyp barýan atalyk aladalary zahmetsöýer demir ýol işgärlerini guwandyrýar hem buýsandyrýar. Şeýle eşretli zamanany peşgeş berendigi üçin milli Liderimize minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Dünýä ýüzündäki abraýymyzyň has-da ýokary göterilmeginde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy has hem belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

16946455842dd7.jpeg
TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, ýakynda parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Bu baýramyň öňüsyrasynda  hormatly Prezidentimiziň  täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby şanly baýrama uly sowgat boldy.


16946475fb15f5.jpeg
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


1694390c4cf7dd.jpeg
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy

“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.


1694390080145d.jpeg
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi

Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.


169438f16104af.jpeg
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.