Doňdurma – lezzetli önüm
22-04-23
Doňdurma ýa buzgaýmak – bu süýt önümine biperwaý garaýan adamlaryň arasynda az adam bar. Häzirki wagtda doňdurmanyň köp görnüşi bar – dünýäde iň elýeterli we gözlenýän desertleriň biri bu doňdurmadyr
1786-njy ýylyň 10-njy iýunynda ABŞ-da doňdurma köpçülikleýin satylyp başlandy diýlip hasaplanylýar. Elbetde, doňdurmanyň önüm hökmünde sarp edilmegi taryhy gadymy döwürlere degişlidir. Takmynan 4000 ýyl ozal Hytaýda buz, gar we miwe bölekleriniň garyndysyndan ýakymly tagamlar ýasapdyrlar. Soň bolsa, berk ynam bilen saklanýan süýt bilen buzy garyşdyrmak üçin resept peýda boldy. Gadymy Ysraýylda-da, Gresiýada-da özüne çekiji desertleri ýasadylar. Olar indi doňdurylan şire diýilýän zada meňzeýärdi.
Ýewropada doňdurylan süýdüň resepti diňe XIV asyrda, görnüşine görä Italiýada peýda boldy. Fransiýada bu resept XVI asyrda peýda boldy we süýt esasly doňdurma şol ýerde ilkinji gezek döredi. XVIII asyrda “Doňdurma” ady Fransiýada ýüze çykypdyr (ýüze çykan ýerine görä – Plombier-les-Bemes). Bu ýerde, XIX asyrda diňe bir doňdurma däl, eýsem onuň gaplanan doňdurma we beýleki görnüşleride giňden ýaýrady. Doňdurmany hasda kämilleşdirip şokolad bilen garyndyly we başgada önümler bilen baýlaşdyrylan görnüşlerini oýlap tapdylar. Amerikaly Kristian Nelson bu oýlap tapyşyna “Eskimo pirogy” (eskimo pirogy) diýip at berildi.Şeýle-de şol döwürde wafli käseler dörändigi aýratyn bellenilýär.
Dünýädäki iň gymmat buzgaýmak Nýu-Ýork şäherindäki restoranlaryň birinde satylýar. Bu buzgaýmagyň düzümine iýmek üçin niýetlenen altyn goşulýar.Bahasy 25müň amerikan dollaryna barabardyr.
Taýýarlan Işanberdi SEÝITNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.