Köýtendag goraghanasy barada
22-04-23
1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredilen Köýtendag goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten daglarynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär.
Goraghananyň tutýan meýdany 27139 ga barabardyr. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady - Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem bozulan ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr.
Goraghananyň we onuň töwereginiň klimaty hem edil tutuş tebigy keşbi ýaly diýseň özboluşlydyr. Ygallaryň ortaça bir ýyldaky mukdary 402 mm bolup, onuň möçberi dag eteklerinde azalyp, beýiklikde bolsa 700–800 mm ýetýär.
Bahar aýlary çagbaly ýagyş ýaganda, derelerde sil akymlary döreýär.Köýtendagyň ady onuň relýefiniň mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden gelip çykyp, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojailgazbaba (28 km). Has owadany çuňlugy 600 m çemesindäki Daraýyderedir. Onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerawşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 m bolan täsin şaglawuk ýerleşýän, eňňitleri kert darajyk Umbardepe jülgesi görenleri aňk edýär.
Köýtendagyň ösümlik örtügi dag eteklerinde otjumak ösümlikler toplumynyň, ýokarda bolsa güýçli bozulan agaç we gyrymsy agaçlaryň zerawşan arçasynyň agdyklyk edýän guşaklygy ýerleşendir. Dagyň üstki böleginde ýassyk şekilli tikenli ýarymgyrymsy ösümlikler mesgen tutýarlar.
Goraghananyň florasynda pamir-alaý görnüşleri agdyklyk edýärler, beýleki görnüşleri hem hasaba alanyňda, bu ýerde 872 görnüşiň ösýändigi anyklanyp, şolaryň 10% -i diňe şu ýerlerde ösýän (endemik) görnüşlerdir (beýik çigildem, çomuç, çyryş we beýlekiler). Halk hem ylmy medisinada ulanylýan derman ösümlikleriniň hem 130-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Gymmatly ösümliklerden Gordýaginiň kleomesi, Nikitiniň esparesti, beýik çigildem, Wiktoryň gaýrajy ýaly ösümlikler Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizildi.
Köýtendagyň haýwanat dünýäsi hem baý we dürli-dürlidir. Bu ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 (ýaşyl gurlawuk, köl gurbagasy), guşlaryň 100 (sakgally garaguş, gajar, dazzarkel, mazar garaguşy, sähra garaguşy, gyrgy, depe syçançysy we başgalar) we süýdemdirijileriň 40-a golaý görnüşi duşýar. Juda seýrek we gymmatly haýwanlaryň görnüşlerinden gara leglegi, uzynguýruk siňekçini, hindi ütelgisini, goňur aýyny, geçigaplaňy, burma şahly dag tekesini, köýten kör ýalaňaç balygyny we başgalary ýatlamak bolar.
Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent zakaznikleri degişli. Köptaraplaýyn Garlyk zakaznigi (40 müň ga) Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar.
Bulardan başga-da bu ýeri dag jynslarynyň ýalaňaç gatlagyna has hem gumdaşlarynyň gyzylreňdäki gatlaklaryna baýdyr we belli botanik M.G. Popow “Tutuş landşaft ajaýyp gyrmyzy gyzyl reňkde, ýalpyldap duran gök asman bolsa, bu künjegi dürli reňklerden dolduryp gözellik berýär” diýip belläp geçýär.
Taýýarlan Haýdar GULAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.