ARKADAGYŇ SYÝASATY – BERKARARLYGYŇ GÖZBAŞY
27-11-21
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara beslenip, türkmeniň täze taryhyny altyn setirleri bilen bezeýär. Şan-şöhraty dünýä dolan bagtyýarlyk za-manamyzda üstünlikli amal edilýän döwletli tutumlar Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýen parasatly sözlerinde öz beýanyny tapýar. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde, ozaly bilen Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek örän buýsandyryjydyr.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasaty nyň durmuş ugruna gönükdirilmegi ýurdumyzyň özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine,halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Diýarymyzda ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň hem netijeliligini bellemek gerek. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda ýokary görkeziji aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy, döwletiň nyrh syýasaty, hususy başlangyçlary goldamak, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleri netijesinde üpjün edilýär.
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmek wezipesi döwlet syýasatymyzyň iň bir ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir. Çünki milli ykdysadyýetiň ösüşlerini şu ugurdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýurduň kuwwatlylygyny we durnukly ösüşini, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň ösüşleri kesgitleýän bolsa, ykdysady ösüşleri, esasan, ýurduň ösen senagaty üpjün edýär. Şeýlelikde, senagat taýdanösen ýurt bolmagyň döwlet berkararlygynyň, millet bagtyýarlygynyň kepili bolup durýandygy baradaky hakykat ör-boýuna galýar. Hut şonuň üçin milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalarynyň özeninde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, Watanymyzyň kuwwatyny has-da berkitmek we artdyrmak baradaky tagallalary ýatyr.
Ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagaty, himiýa pudagy, dokma senagaty, elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek maksatnamasy, halyçylyk, şeýle hem balygy gaýtadan işleýän pudak häzirki döwür de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmaga ukyply we eksport ugurlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrýan esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň il-ýurt bähbidine gönükdirilen özgertmeler syýasatynyň wezipeleri ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan ösdürmegiň, bagtyýar halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitleýär
Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň halkyň ýaşaýyş-durmuşynda öz beýanyny tapýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Bu bolsa Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemegine oňaýly täsir edýär.
Aýgözel BEGHANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.