ULAG ULGAMYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞI

26-11-21

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu ulgamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli taslamalar, täze awtomobil we demir ýollaryny gurmak, öňki hereket edýänleriň durkuny täzelemek, raýat awiasiýasynda we deňiz ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Ulag we aragatnaşyk ulgamyny özgertmek, toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredilip, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri onuň garamagyna berildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýetli ösen ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça ýeterlik derejede berk esas döredildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bolsa Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň sebitde hakyky dostlugy, özara düşünimäge  mahsus ýagdaýy döretmegiň netijeli usuly hökmünde garalýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary kemala getirilýär. Türkmenistan halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşip, amatly ýagdaýa eýedir. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa menzilleri, demir ýol menzilleri, deňiz portlary gurulýar.Bu bolsa syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna şert döredýär. Ulag-logistika ulgamynyň binýadynyň berkidilmegi,amatly we howpsuz amala aşyrylyşny guramagyň yzygiderli kämilleşdirilmegi onuň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy. Kabul edilýän döwlet maksatnamalar ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär. Biziň ýurdumyz Ýewraziýa sebitiniň esasy haryt-ulag gatnaw ýollarynyň kesişýän böleginde ýerleşmek bilen, örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş we kommunikasiýa merkezi bolup durýar.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamlaryny düýpli we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar Türkmenistany sebitde öňdebaryjy orunlara çykardy. Ýurdumyz BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen, anyk başlangyçlary bilen çykyş edýär. Transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ulag düzüminiň ýükleri daşamagyň ugurlaryny, wagtyny, ýüklemek we wagtlaýyn saklamak ýerini has amatly sazlaşyga getirmek boýunça logistik hasaplamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Häzirki döwürde ulag ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň subutnamasydyr.Bu beýik işleriň başynda duran döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

Abuna tassyklayyş kody: 78390

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.