INNOWASION ULGAMYŇ BATLY GADAMLARY
26-11-21
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sanly ulgamyň ösdürilmegi uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikli şertleri döreder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtamak bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanlaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, internet hyzmatlary ulgamyny kadalaşdyrmagyň we giňeltmegiň kanunçylyk taýdan goldanylmagyny üpjün edýändigini belledi
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ähli iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşymyzda bolsa internet mümkinçilikleriniň giňden ulanmagy netijesinde, jübi telefonlary arkaly dürli tölegleri geçirmek ýaly ilat üçin döredilýän mümkinçilikler elektron maglumatlar ulgamynyň ýaşaýşyň ähli taraplaryna öz täsirini ýetirýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň üýtgemegine, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen içerki önümiň artýandygy bellenilýär Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da her adama düşýän jemi içerki önümiň ýokarlanýandygyny daşary ýurtlaryň tejribesi tassyklaýar. Beýle diýildigi, sanly maglumatlaryň täze önümleri öndürmekde eýeleýän ornunyň uludygyny aňladýar. Täze gymmatyň döredilmegi bolsa, öz gezeginde, ykdysady kuwwatymyzyň pugtalanmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky döwürde köp döwletleriň öz ykdysady syýasatlarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ünsleriniň güýçlenmegini hut şu sebäpler bilen düşündirip bolýar.
Mundan başga-da, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek üçin wajyp bolan möhüm meseläniň çözülmegine, ýagny ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna hem ýardam berýär. Ýagny sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy telekeçiligiň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ýagdaý ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi bolsa, ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagynda we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Belent arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, rowaçlyklaryň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň mizemez binýatlaryny döretmekde gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman, halkara bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogulsapar HOJAMMEDOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumatlar ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.