ÝÜK WAGON ABATLAÝYŞ HOWLULARY: BAGTYÝAR ZÄHMETIŇ JOŞGUNY
25-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi döwletimiziň üstünlikli ösüşiniň möhüm şertidir. “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 16-njy şahamçasynda hem bu ugurda gyzgalaňly işler alnyp barylýar. Serdar şäherinde ýerleşýän bu baýry kärhanada ýük wagonlarynyň dürli görnüşlerini bölekleýin we düýpli abatlamak boýunça döwrebap hem-de üznüksiz hyzmat etmek ugrunda tagallalaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar.
Şahamçada hormatly Prezidentimiziň demirýolçularyň öňünde goýýan wezipelerini bökdençsiz ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň çäginde mynasyp üstünlikler gazanylýar, nazarlanylýan sepgitlere ýetilýär. Bu barada şahamçanyň başlygy Azat Gazakow bize beren gürrüňinde:
- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistan döwletimiz dünýä derejesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gurulýan we çar ýana uzaýan polat ýollary halkymyzyň dostluk-doganlyk hormatyny, ynsanperwerligini dünýä ýaýýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýurdumyzda döwrebap demir ýollarynyň emele gelmegi döwletimiziň bu ugurdaky ýene bir möhüm ädimini alamatlandyrýar. 1882-nji ýylda düýbi tutulan kärhanamyz ilki çelek wagonlaryny abatlamak işi üçin niýetlenilipdi. Ata Watanymyz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň bu ýerde ähli görnüşli ýük wagonlaryny abatlamak işi ýola goýuldy. Olaryň hatarynda çelek görnüşli, açyk görnüşli, ýapyk görnüşli, ýarym açyk görnüşli, ýüki özi düşürýän, ýük düşürýän wagonlar görnüşleri, dumkarlar düýpli we ýeňil abatlanylýar.
Şahamça häzirki wagtda ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň netijeli we sazlaşykly işine önjeýli goşant goşmak üçin uly zähmet üstünliklerini gazanýar. Bu ýerde 370-e golaý zähmetsöýer demirýolçy zähmet çekmek bilen zähmet üpjünçiligini, howpsuz iş şertlerini üpjün etmäge, şahamçanyň we kömekçi hojalyklaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga, gulluk we iş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar, zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň düzgünleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Şahamçada birnäçe ýyllaryň dowamynda öz käriniň ussady bolan onlarça tejribeli işgärlerimiz bar. Olardan Tagandurdy Jümmiýew, Sähetdurdy Garaýew, Gözel Durdyýewa, Aýpara Elbişewa we beýlekileri buýsanç bilen aýtmak bolar. Göreldeli işgärlerimiz ýylyň-ýylyna Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uly döwlet sylaglarydyr, hormatly atlara mynasyp bolýarlar. Bu zatlaryň sakasynda bolsa Milli Liderimiziň çäksiz aladalary durandyr. Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn – diýip belledi.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan goşandy hem aýratyn aýdylmaga mynasypdyr. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny ulaglar hyzmatlary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Kärhanada halk hojalygyna döwrebap we üznüksiz hyzmat etmek ugrundaky tagallalaryň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezijileriň mysalynda hem anyk görmek bolýar. Kärhananyň ykdysady görkezijileri barada biz şahamçanyň tehniki bölüminiň başlygy Amanmämmet Nurýagdyýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda şeýle gürrüň berdi:
- Her bir güni eşret nuruna beslenýän bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere beslenýär. Eziz Watanymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly ulaglar we aragatnaşyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Yzygiderli gazanylýan şeýle zähmet üstünliklerinden ruhlanýan demir ýol işgärlerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende götermekleri, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bolsa ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarys.
Şahamçanyň düzüminde birnäçe sehler hereket edýär. Olardan önümçilik sehleri, wagon sehi, araba sehi, tigir jübütlerini abatlamak boýunça seh, ätiýaçlyk şaýlary sehi, gyzdyrma sehi, tokar sehi, wagonlary ýygnaýjy seh ýaly birnäçe kömekçi bölümler hereket etmek bilen, olarda ýük wagonlaryny ýeňil abatlamak, ýük wagonlaryny düýpli abatlamak, açyk wagonlary ýapyk wagonlara öwürmek, wagonlary ýük ýüklemäge taýýar etmek ýaly işler bökdençsiz alnyp barylýar. Ýük wagonlaryny abatlaýyş şahamçamyzyň işgärleri tarapyndan her aýda ortaça 200-250, ýylyň dowamynda bolsa 2500-e golaý ýük wagonlary düýpli we ýeňil abatlanylyp, önümçilige goýberilýär. Bu bolsa ýylyň dowamynda birnäçe esse ösüş gazanylýandygyny aňladýar. Bu görkezijiler kärhananyň agzybir işgärleriniň meýilnamada göz öňünde tutulanyndan görnetin ýokary netije gazanýandygyny görkezýär. Türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşyny has-da gowulandyrmak syýasatyny ýörelge edinen hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy ýetip gelýän Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys – diýip, sözüni soňlady.
Yzygiderli gazanylýan şeýle zähmet üstünliklerinden ruhlanýan demirýolçular döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende götermekleri, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem şahamçada uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, bu ýerde zähmet üstünlikleri bilen bir hatarda işgärleriň mynasyp dynç almaklary üçin hem şertler göz öňünde tutulandyr. Binýady berkden, kuwwaty eşretden tutulan bagtyýarlyk eýýamynda türkmen halkyna ajaýyp döwri-döwrany, bolelin, ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
ÇÄRE GEÇIRILDI
18-nji martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Sanly çözgüt – IT meýdança» HJ-de mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler.
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.