Kämil ýaşlar ýetişdirilýär
22-11-21
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz milli ruhda terbiýelenip, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu günki ýaşlarymyzyň ylym-bilimli bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berdi. Şonuň üçin hem ýaşlarymyz her bir hünärden başy çykýan, sagdyn nesiller bolup kemala gelýär.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaşlara bilim terbiýe bermek, olary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek mugallymlaryň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem, häzirki döwürde ýaşlaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin sanly bilim bermegiň iň täze usullary işlenip düzülýär, ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwretmek kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamynyň iň täze usullar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzda ylym-bilimiň döwür bilen deň gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.
Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek ata-baba ýörelgelerimiziň biridir. Milli terbiýede ýaşlaryň bilimli bolmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe pähimler, nakyllar bar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda hem bu babatda giňişleýin beýan edýär. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime nähili garandyklaryny görkezýän hakykatdyr. Halkymyz ylym-bilime ösüşleriň,rowaçlygyň çeşmesi hökmünde garapdyrlar. Şu asylly ýörelgäniň bu günki bagtyýarlyk döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biridigi diýseň buýsandyryjydyr.
Ylym öwrenmekde dil, esasan hem dünýä dillerini bilmegiň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Çünki, dünýäniň iň täze gazananlaryny öwrenmekde we ylymlary özleşdirmekde dünýä dilleriniň ähmiýeti ýokarydyr. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä dilleriniň hem ençemesiniň öwrenilişi ýola goýuldy. Şeýlelikde, türkmen ýaşlary dünýäniň ençeme dillerini suwara bilýärler, dostlukly halklaryň medeniýetine sarpa goýýarlar.
Berkarar döwletimizde ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Begençmyrat MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.