Limonyň peýdasy

20-04-23

Taryhy maglumatlara görä limon takmynan XII-nji asyrda peýda bolupdyr. Onuň watany Hytaý,  Hindistan we Ýuwaş ummanynyň adalary hasaplanylýar. Limonyň bir düýp agajyndan 300-350 miwe  hasyl alyp bolýar. Ol 40 ýyldan köp ýaşamaýar. Ol ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýz we gyş aýlary ýaşyl miweleri saralýar. Boýy 5-7 metre çenli ýetýär.

Bişip ýetişen limonyň umumy agramynyň 3,5 göterimi şekerden ybarat. Orta asyrlarda limon ýylan zäherine we ýokançly kesellere garşy güýçi derman hökmünde ulanylypdyr. Limonyň 5% göterimi kislotadyr. 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda ,,dünýädäki iň agyr limon hasaba alyndy . Ol Ysraýylyň Kefar Zeitm  fermasynda ödürilip ýetişdirildi . Onuň agramy 5 kilogram265 gram boldy. Dünýäde iň köp limon öndürýän ýurtlara: Meksika, Hindistan, Argentina we Brazilýa degişlidir. Gadymda limon gaty seýrek bolany üçin patyşalara sowgat edilipdir.

Limon suwy mör-möjekleri daşlaşdyrýar. Ony sowadyjyda 1 ýarym aýa golaý wagt saklap bolýar. Limonyň düzümindaki maddalar bedendäki zäherli birleşmeleri çykarmaga we adamy horlandyrmaga uly kömek edýär. Arassaçylyk üçin limon suwy hojalyklarda peýdalanylýar. Naharyň şoryny aýyrmakda hem limon suwyny ulanýarlar. Limona duz aralaşdyrylyp şerbeti zeňlän metallaryň zeňini aýyrmakda we arassalamakda möhüm orny eýeleýär.

Taýýarlan Bilbil SEÝITGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.
 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.