Paýtagtymyzda täze şäheriçi awtobus ugurlary ýola goýuldy

19-11-21

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, awtobus ugurlarynyň ýola goýlandygyny habar berdi.

  • 27-nji “Büzmeýin DES – Akdepe” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar Ahal köçe – Oguzhan köçe – Korneýew köçe – Azatlyk köçe – Ýaşlyk köçe – Olimpiýa köçe – Abadan şaýoly – Abadan-Jülge şosse – Parahat köçe – Görogly köçe bilen hereket edip, Akdepe harby bölüminden yzyna aýlanyp Görogly köçe – Parahat köçe – Abadan-Jülge şosse – Abadan şaýoly – Olimpiýa köçe – Ýaşlyk köçe – Azatlyk köçe – Korneýew köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Günbatar köçe – Ahal köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.
  • 97-nji “Büzmeýin – Täze Zaman” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar Ahal köçe – Oguzhan köçe – Korneýew köçe – “Altyn Asyr” köçe – Abadan şaýoly – Bitarap Türkmenistan köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Magaryf köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – G.Kuliýew köçe bilen hereket edip, Täze Zaman ýaşaýyş jaý toplumyndan yzyna aýlanyp G.Kuliýew köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Magaryf köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Bitarap Türkmenistan köçe – Abadan şaýoly – “Altyn Asyr” köçe – Korneýew köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Günbatar köçe – Ahal köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.

Bellik: Ahalawtoulag kärhanasynyň 70-nji “Büzmeýin DES-Akdepe” ugry. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň
27-nji “Büzmeýin DES-Akdepe” awtobus ugruna üýtgedildi.


Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.